ÝB-de işleýänleriň 39 % oturyp işleýär


Eurostat hasabatyna görä Ýewropa Bileleşiginde işleýän adamlaryň 39 göterimi oturyp işleýär

Ýewropanyň Hasabat ofisi ( Eurostat ), ÝB-niň raýatlarynyň iş ýerinde işlemek şekilleri bilen bagly 2017-nji ýylyň hasabatyny çap etdi. 

Şoňa laýyklykda ÝB-de işleýän adamlaryň 39 göterimi ofisde ýa-da ulaglarynda işleýän adamlardan ybarat bolsa, 30 göterimi az fiziki güýç sarp edilýän ýerlerde işleýärler. 

Mugallymlar we dükanyň işgärleri ýaly işlerde işleýän 20 göterimlik bölüm bolsa aýakda işleýän bolsalar, ÝB-e raýatlarynyň 11 göterimi gurluşyk, ýük götermek we gazuw işleri ýaly agyr fiziki güýç sarp edilýän ýerlerde işleýärler. 

ÝB-niň düzüminde oturyp işleýän adamlaryň iň köp bolan ýerleri hatar bilen Gollandiýa (55%), Germaniýa (54%) we Lýuksemburg (52%) ýaly ýurtlardyr. 

TRT

Pikiriňiz?