ÝATKEŞLIGI TÜRGENLEŞDIRMEGIŇ USULLARY

Ýat – adamyň ýaşap geçen islendik pursatlaryny, ýagdaýlaryny, maglumatlary özünde saklaýan we geljekki günlerine ýetirýän ýokary derejeli mehanizmdir.

Ýat öz häsiýeti boýunça uzak wagtlyk we gysga wagtlyk bolup bilýär.

Ilkinji nobatda gysga wagtlyk ýat işläp başlaýar. Siz öz joraňyzyň ýa-da dostuňyzyň dilinden çykan sözi şol wagt ýeňil gaýtalap bilersiňiz, ýöne birnäçe sagatdan soňra sözme-söz ýatlap bilmersiňiz. Sebäbi ol maglumat gysga wagtlyk ýatda saklanandyr. Gysga wagtlyk ýat wagtlaýynça belli bir maglumaty saklap, soňra ornuny uzak wagtlyk ýat bilen çalyşýandyr.

Uzak wagtlyk ýatda maglumatlar uzak wagtyň dowamynda saklanyp, tutuş ömrümiziň dowamynda ýatda galyp bilýändir we gerekli ýerinde biz olary ýada salyp bilýändiris. Ideal ýagdaýlarda uzak wagtlyk ýatda has wajyp, gerekli maglumatlar, geljekde peýdasy degjek maglumatlar saklanýandyr.

Aralyk ýat diýlen düşünje hem tapawutlandyrylyp, ol uzak we gysga wagtlyk ýadyň arasyndaky ýadyň görnüşidir. Bu görnüşde maglumat “ertire çenli”, “hasabat tabşyrylýança”, “synag geçýänçä” saklanylýar we soňra unudylyp gidýär.

Gerekli maglumatlary uzak wagtlap beýnide “çüýläp” goýmak üçin, aşakda hödürlenjek ýady türgenleşdirmegiň düzgünlerini berjäý etmeklik, bu ugurdan kynçylyk çekýän adamlara uly kömek bolup hyzmat etse gerek.

1. Ýadyňyzy gowulandyrmak üçin kadaly ukyňyzy alyň!

Ýatda saklaň! Gije-gündiziň dowamynda 8-sagatlyk uky – beýniniň sagdyn ýagdaýda bolmagy üçin örän zerurdyr. Beýniniň güniň dowamynda uly möçberdäki meseleleri çözýändigine, oňa dynçlygyň gerekdigi barada düşünmegiňiz hökmanydyr. Gije – beýni üçin oňat dynç almaklyk we indiki güne güýç toplamagy üçin derman mysalydyr.

2. Gyzykly kitaplary okaň.

Haçanda siz okanyňyzda, beýniňiz awtomatik usulda okalan maglumatlary ýatda saklaýar. Eger kitapda beýan edilýän waka gyzykly bolsa, onda bu täsir has hem ýokarlanýar.

Beýnimizde açyk görnüşli täsirler, göz öňüne getirmeler peýda bolýar. Kitap okamak ýady ösdürmek üçin örän oňat türgenleşik serişdesi bolup, aňyň ösmegine we gözýetimiň giňelmegine, ruhy dünýäňiziň baýlaşmagy üçin hem gymmatly bolup durýandyr.

3. Goşgulary “suw içen ýaly” ýat tutuň.

Näçe goşgyny dolulygyna ýatdan bilýäňdigiňiz barada pikirleniň! Seredip otursak, biziň çagalarymyz biziň käbirimizden tapawutlylykda köp goşgyny ýatdan bilýärler. Öz çagalaryňyz bilen bilelikde goşgulary ýat tutuň. Bu diňe bir siziň ýadyňyz üçin türgenleşik bolman, özüňize ajaýyp duýgulary sowgat etdigiňiz bolar.

4. Kompýuter oýunlary ýady güýçlendirýär.

Kompýuter oýunlaryny söýüjilere olaryň diňe bir oýnama bilen “wagt öldürmän”, eýsem ýatlaryny türgenleşdirýändikleri barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Ýöne ýat üçin, uzak günüňizi oýun üçin sarp etmän, 30 minutlyk oýnuň hem ýeterlikdigini ýatda saklamalydyr. Haçan-da siz pikirlenmäni talap edýän oýunlary oýnaňyzda, beýniňiz pikirlenýär, aýgytly netijäni almak üçin kesgitli çözgüdi çykarýar, şoňa görä hereket edýär. Çägini biliň, sebäbi uzak wagtlyk oýunlar saglyk üçin zyýanly bolup durýandyrlar.

5. Sanlar bilen işleşiň.

Hany gönüňizden geliň, siz köpeltmek tablisasyny oňat bilýärmisiňiz? Şu günki günde adamlary kalkulýatorsyz göz öňüne getirmek kyn. Siz gündelik durmuşyňyzda duş gelýän sanlaryňyzy beýniňiz bilen hasaplamana synanşyň. Siz dükandan alan zatlaryňyzyň bahalaryny ýatdan hasaplap, netijesini çykaryň. Beýle etmek bilen Siz diňe bir beýniňiziň işlemegini talap etmän, ýadyňyzy hem türgenleşdirýänsiňiz.

6. Her günde gaýtalanýan hereketlerden azat boluň!

Öz ýadyňyza arassa howadan “dem almana” mümkünçilik beriň. Köne hereketleri unudyp täzelikleri gözläň. Meselem, siz her günki işe gatnaýan ýoluňyzdan däl-de, başgarak ýol bilen barmagy başaryp bilersiňiz. Irdenki içilýän kofeniň deregine miwe şerbetini içip bilersiňiz. Klawiatura seretmezden sms, hat ýazmaga endik ediniň. Şeýle ýönekeý usullar bilen siz öwrenişen köne endikleriňizden azat bolarsyňyz, strese düşmek ähtimallygyňyz hem peseler.

7. Hemişe täze zatlary öwreniň!

Siz hemişe belli bir zady öwrenmek isleýäňiz, ýöne wagtyňyz ýetenok! Hut Şu Gün aýgytly ädimi ätmeli günüňiz. Täze zady öwrenmek üçin öz güýjüňizi görkeziň. Nämäni isleýän bolsaňyz öwrenip bilersiňiz. Täzelik hemişe gyzykly we hemişe oňat duýgulary oýarýar. Öň “wagtym ýok” diýip özüňizi aldan ýa-da etmäne gorkan zadyňyzy häzir ediň, öwreniň, täzelik dörediň. Beýniňize we ýadyňyza işjeňligi beriň.

8. Düýnki gün barada gürrüň beriň!

Öz tanyşlaryňyza düýnki güni nähili geçirendigiňiz, nähili wakalaryň bolup geçendigi hakda gürrüň bermäne çalşyň!Ýöne gürrüňiňizi günüň soňundan başlaň. Bu siziň ýadyňyzda soňky galan ýagdaý bolup saklanýar. Beýle etmek kynçylyk döretse-de, şeýle etseňiz beýniňiz has işjeňleşip, ýatdan çykmagy ähtimal bolan pursatlary uzak wagtlap ýitirmezden saklap biler.

9. Daşary ýurt dilini öwreniň!

Daşary ýurt dillerini öwreniň – bu ýady türgenleşdirmek üçin iň oňat usuldyr. Şeýle hem durmuşda-da köp peýdasy deger. Günde 6-7 sany täze söz öwrenmäni endik ediniň. Ine görersiňiz, siziň ýadyňyz birnäçe hepdeden edil sagat ýaly işlär.

10. Agyr berhizleri tutmaň!

Haçanda siz pes ýokumly iýmit berhizlerini tutanyňyzda, diňe bir agramyňyzy ýitirmän, ýadyňyzy hem peseldýändigiňizi ýatda saklaň. Has agyr berhizleri tutýan zenanlarda maglumat saklaýjylygynyň pesdigi eýýäm ylym tarapyndan subut edilendir. Eger berhiz tutup ýadyňyzy hem ýokarlandyrmak isleseňiz, onda kösükliler maşgalasyna degişli bolan önümlerden peýdalanyň. Meselem, soýa we onuň önümleri has peýdalydyr. Has gowusy kadaly we peýdaly iýmitleniň, özüňizi kösemäň!

11. Hemişe ertirlik ediniň!

Elmydama peýdaly önümlerden düzülen ertirlik edinmäne endik ediniň. Ukyda wagtyňyz hem beýniňiz az bolmadyk mukdarda iýmit ýokumlylygyny sarp edýändir. Ertirlik edinip, günüň dowamynda maglumatlary ýatdan çykarmazlyga garşy göreşip bilersiňiz.

12. Ýaltalygy unudyň!

Ýatda saklaň, ýalta adamlaryň hiç haçan hem gowy ýady bolmaýar. Ýaltalyk bilen göreşiň!

13. Ýady ösdürmek üçin sport oňat usuldyr!

Akylly adamlar “Haçanda sen bedeniňi türgenleşdireniňde, beýniň hem türgenleşýär” diýen jümläni hemişe özüne şygar edinýärler. Bu hakykatdan hem dogrudyr. Beden durkuňyzy oňat ýagdaýda saklaňyzda, özüňize berýän bahaňyz hem artýar, siz mundan lezzet alaýarsyňyz. Şol sanda beýniň işjeňligi gowulaşýar. Sport bilen meşgullanmaklyk beýnä barýan kislorodyň mukadaryny ýokarlandyrýar, ýadyň bozulmagyna getirip biljek ýürek-damar keselleriniň, süýji keseliniň ähtimallygyny peseldýär.

14. Saz diňläň.

Söýgüli sazyňyzy diňläňizde ses yrgyldylary beýnä baryp, beýnide işjeňleşme ojagyny döredýärler. Bu tolkunlaryň kömegi bilen biz maglumatlary çalt ýat tutýarys. Ýady türgenleşdirmek üçin iň gowusy, klassik sazlary diňlemekdir.

15. Hemişe oňat zatlar hakda pikir ediň.

Adamyň ýadynyň ilkinji duşmany negatiw duýgulardyr. Erbet pikirler, adaty däl ýagdaýlar hemme taraplaýyn ýadyň peselmegine täsirini ýetirýändir. Ine, ýakymly adamlar, ýylgyryşlar, oňat pikirler – biziň ýadymyzyň ýokarlanmagyna ullakan goltgydyr. Geçen ýakymly günleri köp ýatlaň, size ýakymly adamlar bilen gatnaşyň, çünki ýakymlylyk – siziň şähdiňizi açyp, beýniňizi has hem işjeňleşdirer!

 

Saglyk.org

Pikiriňiz?