Üşemän we kesellemän gyşy ötürmek üçin näme etmeli?

Üşemek gyşda bizi birahat edýän meseleleň biri. Bedeniň kesellere garşy göreşip bilmek ukuby gyşdapeselýär. Şol sebäpli-de bu möwsümde kesellemek mümkinçiligi ýokarlanýar. Emma üşemän we kesellemän hem gyşy ötürmek aşakdaky ýollar arkaly mümkin:

Ýapyk ýerlerdäki howp

Transport serişdelerinde, iş ýerlerinde we okuw jaýlarynda umuman, ýapyk ýerlerde dümewlän, sowuklan biri bar bolsa kesellere garşy göreşip bilme ukyby pes bolanlara ýokuşdyrmak mümkinçiligi has-da ýokary. Sebäbi ýapyk ýerlerde ýarawsyz adamyň üsgürmesi ýa asgyrmasy bilen wiruslar örän tiz ýaýraýar. Şeýlelik-de dümewli kişileriň ýapyk ýerlerde bolýan wagtlary ýörite niýetlenen maskalar bilen agzyny we burnuny örtmegi gerek.

Içeriniň gyzgynlygyny kadaly saklaň

Sowuk howada daşardan öýe girilende öýüň ýylylygynyň aşa gyzgyn bolmazlygy zerurdyr. Çünki, ýylylyk derejesiniň birden üýtgemegi bedenimize oňaýsyz täsirini ýetirýär. Içeriniň ýylylygynyň 18-20 derejede tutulmagy maslahat berilýär.

Tiz-tizden elleriňizi ýuwuň

Mikroplar we wiruslar eliň üsti bilen örän çalt ýaýraýarlar. Şonuň üçin ellerimizi tiz-tizden hem-de talabalaýyk ýuwup durmak wiruslary ýok etmekde kömegi uly.

Süýt önümlerini köpräk iýiň

Gyş möwsüminde iýýän iýmitimiziň düzümine üns bermek has hem wajypdyr. Şeýle günlerde C witaminine baý bolan miwedir gök önümleri, şeýle-de proteinli we düzüminde Omega 3 bar bolan önümler bilen iýmitlenmegi, ertirlik edinmegi ýatdan çykarmaly däldir.

Burundan dem alyň

Agyzdan dem almak sowuk howanyň we mikroplaryň örän çalt öýkenlere ýetmegine sebäp bolýar. Şonuň üçin daşary çykylanda burunyň hem agyz boşlugynyň örtülmegine we burundan dem almaga aýratyn üns bermeli.

Elleriňizi jübüňize salyp ýöremäň

Sowuk howada ellerimizi üşetmezlik üçin köplenç halatda jübümize salyp ýöreýäris. Oň deregine ellikden peýdalansak, ellerimiz hereketde bolar we bedenimiziň ýylylygy deňagramlylykda saklanar.

Meňzeş makalalar : DÜMEW MÖWSÜMI: SIZ SANJYM ALMAGA HOWLUGÝAŇYZMY?

Pikiriňiz?