TÜRKMENISTAN «ÝAŞYL» YKDYSADYÝETE GEÇÝÄR

BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Türkmenistan häzirki döwürde «ýaşyl» ykdysadyýete geçýär. Munuň özi täzeçil, serişde tygşytlaýjy we önümçiligiň ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryna esaslanýar hem-de adamlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrýar we daşky töwekgelçilikli ýagdaýlaryň täsirini peseldýär.

Hut şeýle çemeleşmeler Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerine baý künjeklerini özleşdirmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Täze gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Zawodlardan çykýan daşky gurşawa zyýanly maddalar gaýtadan işlenilýär hem-de olarda zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär. Munuň özi geljek nesiller üçin ekologiýa abadançylygynyň we bioköpdürlüligiň saklanmagyny üpjün edýär.

Milli Goşun žurnaly

Pikiriňiz?