TÜRKMENISTAN RUSSIÝA GAZ AKDYRMAGY GAÝTADAN DIKELTDI

Türkmenistan bilen Russiýa arasyndaky gaz söwdasy täzeden dikeldildi. Metbugatda ýer alan habarlara görä, 15-nji aprelda Türkmenistan «mawy altyny» täzeden Russiýa Federasiýasyna akdyrylyp başlandy.


Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary bar bolan köp ýyllyk tejribeleri we oňyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň bu kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşyk binýatlaýyn resminama bolup durýar.

Milli Goşun

Pikiriňiz?