TÜRKMENISTAN — DÜNÝÄ ENERGETIKASYNYŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ STRATEGIK MERKEZI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanda X Halkara gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, bu däp bolan ýöriteleşdirilen forumyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe möhüm tabşyryklary berdi. Hususan-da, X Halkara gaz kongresini guramagyň we geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Bu kongres öňdebaryjy tejribäni alyşmak, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrülmelidir.

Häzirki wagtda şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýubileý forumy guraýjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Halkara gaz kongresine işjeň taýýarlyk görýärler.

Dünýäniň iri kompaniýalary geçiriljek möhüm çärelere gatnaşmaga ençeme aý öňünden ykjam taýýarlyk görýärler. Ýöne, Türkmenistanyň gaz senagatynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara kongresiň anyk senesiniň onuň açyljak gününden iki aý öňünden belli bolandygyna garamazdan, ählumumy energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän «Exxon Mobil», «Shell», «Gazprom», «Petronas», «CNPC», «Hyundai», «Kawasaki», «NAPECO», «Vitol», «Dragon Oil», «ENI», «Buried Hill», «LG», «Gaffney, Cline & Associates» ýaly meşhur kompaniýalar we beýlekiler Awaza forumyny özleriniň iş senenamasyna girizdiler.

Gatnaşýan kompaniýalaryň köp bolmagy dünýäniň energetika işewürliginiň Türkmenistanyň artýan gaz bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Goşun

Pikiriňiz?

%d bloggers like this: