TÜRKMEN-ÝAPON YKDYSADY KOMITETINIŇ MEJLISI

23-NJI MAÝDA AŞGABATDA TÜRKMEN-ÝAPON YKDYSADY KOMITETINIŇ MEJLISI GEÇIRILER

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 23-nji maýda Aşgabatda meýilleşdirilen Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Duşuşygyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň we ösdürmegiň meseleleri giriziler. Ilkinji nobatda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek. Şol sanda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ugurlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, eksport, import amallaryny, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakdyr. Şeýle hem degişli teklipleri öwrenmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Nebitgaz we himiýa pudaklarynda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy

Ýapon kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek bilen, Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen nebitgaz we himiýa pudaklarynda iri taslamalara ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bagly meselelere serediler.

Gurluşyk senagatynda, ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda, ýurdumyza ýapon awtomobil tehnikalaryny getirmek. Hyzmat ediş merkezlerini açmak ugry boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlise taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu ugurlar boýunça resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Milli Goşun


Pikiriňiz?