Wang Ýi: “Türkiýe we Hytaý beýgelýän bazarlar hem-de ösüp barýan ýurtlar”

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi Türkiýe we Hytaý beýgelýän bazarlar hem-de ösüp barýan ýurtlardygyny aýtdy

Ministr Wang Ýi: “Bar bolan halkara şertlerde Türkiýäniň we Hytaýyň strategik utgaşyklygy, hyzmatdaşlygy we konsensusy güýçlendirmegi möhüm” diýdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal Hytaýa guraýan saparynyň çäginde Pekinde Daşary işler ministri Wangt Ýi tarapyndan kabul edildi.

Wang Ýi duşuşygyň metbugata açyk bölüminde iki ýurduň uly bähbitlere eýedigine ünsi çekip: “Türkiýe we Hytaý beýgelýän bazarlar hem-de ösüp barýan möhüm ýurtlar. Bar bolan halkara şertlerde Türkiýniň we Hytaýyň strategik utgaşyklygy, hyzmatdaşlygy ösdürmegi möhüm” diýdi.

Wang Ýi Önalyň Hytaýa saparynyň özara gatnaşyklaryň syýasy jähtleri taýdan möhüm ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Önal bolsa Hytaýa saparynyň netijeli geçendigini nygtap, ministr Wang Ýini awgustan aýynda Türkiýede geçiriljek İlçileriň maslahatyna çagyrdy.

TRT

Pikiriňiz?