Türkiyäniň Stambul şäherinde ýer titremesi boldy

26.09.2019. Türkiyäniň Stambul şäherinde 5,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Güýç merkezi Mermer deňizi bolan 5,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berilen maglumata görä. Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:59-da bolan ýer titremäniň ýeriň 6,99 km aşagynda, Stambulyň Siliwri etrabyna bolan uzaklygynyň 21,68 kilometrdigi mälim edildi.

Kandilli obserwatoriýa we Ýer titreme ylmy-derňew institutynyň Sebitleýin ýer titreme-sunami gözegçilik merkezi hem ýer titremäniň güýjüni 5,7 bal hökmünde kesgitledi.

Ýer titreme Stambulyň merkezinde we beýleki etraplarynda hem duýuldy.

TRT

Pikiriňiz?