“TRANSGENDER” WE “TRANSSEKSUAL” SÖZI NÄME?

“TRANSGENDER” WE “TRANSSEKSUAL” SÖZI NÄME?

Takmynan 4-5 ýyl mundan öň habar beriş serişdelerinde, edebiýatlarda “transgender”, “transseksual” sözleri köp eşdilip başlady. Olar kimler?

Doglan çaganyň jynsy ol ýa-da bu jynsa degişli alamatlar bilen kesgitlenýär we ol hromosomlaryň belli bir topary we gormonlaryň belli bir deňagramlylygy bilen dünýä inýär. Ýöne bu adamynyň gurluşyna we bedeniň kadaly işlemegine täsir edýändir. Adamynyň aňyna, ruhy dünýäsine, psihiki ösüşine bolsa jemgyýet köpçüligi we onuň medeniýeti uly täsirini ýetirýändir.                                       

Transgender – bu öz tenini kabul edip bilmeýan, özüni garşydaş jyns saýýan adamdyr. Başgaça aýdylanda, bu erkek bedeninde özüni aýal ýaly duýýan adamdyr we tersine.

 

Transseksual – bu jynsyny üýtgetmegi meýilleşdiren transgenderdir. Onuň üçin ýörite hirurgiki usullar we ömürboýy kabul edilmeli gormonal serişdeler ulanylýar.

Her transseksual (bedenini üýtgeden) – trasngenderdir, ýöne her transgender transseksual däldir.

Adam trangenderligini ýaşlykdan duýup başlaýar. Keselleriň Halkara bölünşiginiň 10-njy neşirinde transgenderlik psihiki bozulmalara degişli edilen bolsa-da, täzeden işlenilen 11-nji neşiri transgenderligi bu kesgitlemeden aýyrdy. Transgenderlik- bu kesel ýa-da bozulma däldir. Bu dogabitdi ýüze çykýan häsiýetdir.

Bulardan başga-da, adamlaryň ýene bir topary barada eşidip bilersiňiz – transwestitler. Adatça aýal eşigini geýmäge we özüni aýal ýaly alyp barmaga ymtylýan erkek we tersine, erkek eşigini geýmäge ymtylýan aýal şeýle atlandyrylýar.

Şeýle adamlar adamzadyň bütin taryhynyň dowamynda hem bar bolan bolsalar, diňe soňky ýyllar özleri barada billirip başladylar. Bu ýagdaýyň näme bilen baglydygyny düşündirmek kyn. Sosiologlaryň köpüsi jemgyýetiň medeniýetiniň we düşünjesiniň ýokarlanandygy bilen baglanyşdyrsalar, ençemesi jemjyýetde psihiki bozulmalaryň agdyklyk edýändigi bilen düşündirýär.

Başka jynslaryň görnüşleri aşakdaky suratda ýazýar.

"TRANSGENDER" WE "TRANSSEKSUAL" SÖZI NÄME?

 

Saglyk.org

Pikiriňiz?