Trampyň kararlary Bütindünýä Söwda Guramasyny hem biynjalyk edýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gümrük salgytlary boýunça kabul eden kararlary söwda hyzmatdaşlary bilen birlikde Bütindünýä Söwda Guramasyny hem biynjalyk edýär.

“Nýu-Ýork Taýms” gazeti şol kararlaryň Bütindünýä Söwda Guramasyny çykgynsyzlyga alyp barýandygyny ýazdy.

Bu aladanyň esasy sebäbi bolsa Amerikan hökümetine garşy kabul ediljek haýsydyr bir kararyň ABŞ-nyň guramadan aýrylma ähtimallygyny ýüze çykarmagy…

Habarda ABŞ-na bähbidine boljak kararyň kabul edilmeginiň bolsa guramanyň beýleki agzalaryna ýetijek täsirini azaldyp biljekdigi nygtalýar. Ol hem degişli ýurtlaryň öz milli howpsyzlyk bähbitlerini goramaga gönükdirip biler…

Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Robeto Azewedo degişli karar nähili tarapsyz bolanda-da netijede kimdir birini biynjalyk etjekdigini duýdurypdy.

Amerikan hökümeti söwda gatnaşyklarynda ABŞ-na “adalatly çemeleşilmeýändigini” öňe sürüp, eksport edilýän polat we alýumin ýaly  köp sanly önüm üçin goşmaça gümrük tariflerini goýupdy.

Goýulan ýokary tariflere garşylyk görkezilenden soň Bütindünýä Söwda Guramasyna şikaýat bilen ýüz tutupdy.

 

Çeşme: Trt.net.tr  Photo

Pikiriňiz?