Terrorçy Brenton Tarrant kazyýetiň öňüne çykdy

ChristChurch şäherindäki Noor we Linwood metjitlerinde 50 adamy öldüren, 39* adamyda ýaralan terrorçy Brenton Tarrant ilkinji gezek kazyýetiň öňüne çykdy.

Ýurdyň iň gowy goralýan Auckland tussaghanasynda bir adamlyk kapasada saklanýan 28 ýaşyndaky terrorist Brenton Tarrant, kazyýet diňlenşigine wideo şekilli gatnaşdy.


ChristChurch Ýokary kazyýetiniň kazysy Cameron Mander, ”50 aýry jenaýatdan we 39 adamyň janyna kast etmäge synanyşmakdan” aýyplady. Jenaýat işine çekilen terrorçynyň 14-nji iýundaky kazyýet diňlenşigine çenli Auckland tussaghanasynda tussaglykda saklanmagy barada karar berdi.

Psihiki barlaglardan geçmegi barada karar berildi

Kazy Mander, terrorçynyň kazyýet diňlenşigine taýýar bolup-bolmandygyna karar bermek üçin ruhu taýdan saglygy hakynda 2 aýry barlagyndan geçmek barada karar berdi.

Talap eden psihiki ýagdaý barlaglarynyň adaty metod usuly bolandygyny aýdan kazy Mander, munyň başga bir tarapa çekilmezligini isledi.

Täze Zelandiýanyň ChristChurch şäherindäki Noor we Linwood metjitlerine 15-nji martda, anna güni guralan terrorçylykly hüjümlerde aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan 50 adam ýogaldy, 39 adam hem ýaralandy.

15-nji martda guralan terrorçylykly hüjüm barada okamak üçin:

Täze Zelandiýada metjide hüjüm guraldy

Pikiriňiz?

%d bloggers like this: