Tebigatyň täsin tebibi: Ysmanak

Diýseň peýdaly hem ýokumly bu ot barada bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Ysmanak ekilenden soň, bary-ýogy bir aýda ýetişýär. Ýabany görnüşde ysmanak Kawkazda, Owganystanda, şeýle-de biziň ýurdumyzda giňden duş gelýär. Arap ýurtlarynda edil kelemdir beýleki önümler ýaly, ysmanak nahar bişirmekde iň köp ulanylýan önüm hasaplanylýar.

Peýdaly maddalaryň hakyky hazynasydygyny göz öňünde tutup, ýewropalylar oňa “Tebigatyň täsin tebibi” diýip at beripdirler. Ol, aýratyn-da düzüminde köp mukdarda demriň bardygy bilen gymmatlydyr. Onuň peýdaly taraplarynyň biri-de beýniniň işleýşini gowulandyrýar, gan bedenjikleriniň döremegine işjeň gatnaşýar, immun ulgamyny goraýar, ýadawlygy peseldýär.


Bişirilen görnüşdäki ysmanak has-da ýokumly bolup, onuň düzümindäki antioksidantlaryň mukdary has-da artýar. Ysmanagyň düzümindäkiden köp belok diňe gök nohutda hem-de noýbada bardyr. Şol sebäpli beden ysmanagy tiz özleşdirýär. Şonuň ýaly-da ysmanak düzüminde kaliý, demir we marganes saklamak boýunça rekordsmendir. Ol ganazlykdan ejir çekýänler we hassalykdan soňky dikeldiş döwründäkiler üçin, sowuklama garşy diýseň peýdalydyr.

Iç ýörediji we buşukdyryjy täsiri, düzüminde köp mukdarda ýoduň bolmagy onuň saglyk üçin gymmatlylygyny has-da artdyrýar. Düzümindäki beta-karotin we lýutein gartaňlyk we uzak wagtlap kompýuteriň öňünde oturylmagy zerarly gözüň ýadamagyny, görejiň kütelmegini peseldýär. Göz üçin peýdaly maddalary özünde saklamakda ysmanak öňüne diňe käşiri geçirýär.

Ysmanagyň peýdasy:

  • Immun ulgamyny goraýar;
  • Bedeniň dokumalarynyň goragyny üpjün edýär;
  • Göreji gowulaýar;
  • Deriniň sagdynlygyny üpjün edýär;
  • Nerw ulgamynyň işini sazlaýar;
  • Gan basyşyny durnuklaşdyrýar;
  • Süňkleriň we dişleriň sagdynlygyny üpjün edýär;
  • Içegäniň işini sazlaýar.

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

%d blogcu bunu beğendi: