Täze Zelandiýada metjide hüjüm guraldy

Dünýä metbugatynda Täze Zelandiýada metjide guralan gandöküşikli hüjümde juma namazy üçin gelen 49 kişiniň ölendigi habar berildi

Täze Zelandiýadanyň ChristChurch ýerinde juma namazy wagtynda 2 metjide guralan gandöküşikli hüjümde 49 kişiniň ölendigini, 48 ýaralananlardan 20-siniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi.

Hagley Park bölegindäki Al Noor metjidine hüjüm edilende juma namazyna duran kişileriň sany 200 bolandygy anyklandy



Gandöküşikli hüjümi Brenton Tarrant tarapyndan amala aşyrylandygy habar berildi

TH

Pikiriňiz?