Takka | Ösümlik dünýäsi täsinlikleri

Takka – Ösümlik dünýäsiniň täsinliklerini diňe sanap geçjek bolsaň epesli wagt gerek bolardy. Ýöne olaryň käbiri agzap geçeniňe degýär diýenlerinden.

Mysal üçin, Günorta – Gündogar Aziýada, Afrikada, Awstraliýada we Günorta Amerikada duş gelýän takka ösümligini alyp göreliň. Ol ekwatory eteklep ösýän yzgara baý tokaýlyklarda ösýär we onuň boýy 40 santimetrden 100 santimetre çenli ýetýär. Ýöne ösümligiň aýratynlygy munda däl. Onuň Şantrýeniň takkasy diýen haýran galdyrýan bir görnüşi bar.

Daş keşbi bilen geň galdyrýan bu gül mör-möjekleriň uly görnüşi ýa-da ýarganat ýaly bolup görünýär. Onuň ”ganatlarynyň” her biriniň uzunlygy 15-20 santimetre ýetýär.

Ortasynda bolsa 70 santimetre çenli uzunlykdaky bagjyga çalymdaş ösüntgi çykyp dur.

Bu ösümligi öý şertlerinde hem ýetişdirip bolýar. Şonda onuň örän ynjykdygyny göz öňünde tutmaly we oňa garaşyk etmegi hiç wagt ünsden düşürmeli däl.

Ýöne güllän wagty onuň haýran galdyrýan garamtyl benewşe reňkli güli siziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolar.

Türkmen Gündogary

Pikiriňiz?