Suwdaky reňkler: Ebru sungaty

Şekillendiriş sungaty muzeýinde ebru žiwopis usuly boýunça ussatlar sapagy boldy. Tanymal türk žiwopisçisi Kubilaý Eralp Dinçer bilen onuň şägirdi Nilýufer Mutlu suwda surat çekmegiň syrlaryny öwretdiler.

Suwda surat çekmek sapagy berlen muzeý zaly ebru usulynda döredilen suratlar bilen bezelendi. Bu ýerde diňe bir abstrakt kompozisiýalar däl, eýsem güller, manzarlar, haýwanlar çekilen manzarlar… goýlupdyr.

EBRU: Ýeňiljek bulutlar

“Ebru” adalgasy ebri pars sözi bolup, “ýeňiljek bulutlar” diýen many berýär. Suwda surat çekmek usuly VII asyrda Türkiýede kemala gelýär. ХII asyrda bolsa Ýaponiýada şuňa meňzeş suminagaşi (“suw ýüzünde gaýýan syýalar”) usuly ýoň bolýar.

Suminagaşi usulynda bezelen matalar imperator we begzada emeldarlaryň maşgala agzalarynyň lybaslary üçin niýetlenipdir. Suwda nagyş çekmek usuly ýurtlaryň ýene birnäçesine, şol sanda Özbegistanda ýaýrapdyr.

Döwürdeşimiz Kubilaý Eralp Dinçer Stambulda ýaşaýar, bilimi boýunça biolog. Uniwersitetde okan döwri himiýa we fizika imrigipdir, bu bolsa ylmy bilimlerini sungat bilen utgaşdyryp, ebru usulynda özboluşly ugru döretmäge itergi beripdir. 2006-njy ýyldan bäri ussat ebru nakgaşy bolup işleýär, sungatyň bu görnüşini wagyz edýär, mundan başga-da öz ýurdunda zehinli dizaýner hökmünde-de tanymaldyr.

-Türkiýede ýüze golaý ebru ussatlary bar – diýip Kubilaý söhbetdeşligimizde gürrüň berdi. – Her şäherde diýen ýaly şeýle ussatlaryň 3-4-si işleýär. Hepdede birnäçe günläp men ussahanamda okuwçy, özem diňe bir ildeşlerimi däl, eýsem daşary ýurtlylary-da okadýaryn. Sapara ýanym bilen gelen okuwçylarymyň biri Nilýufer Mutlu meniň ýolbaşçylygymda çagalara we ýaşlara şu sungaty öwredýär.

Nilýufer Mutlu üsti dürli reňkli we içi suwly gaply stoluň başyna geçýär. Elbetde, ol ýönekeý suw däldi, oňa ergini goýy we ýelmeşegen edýän geweýa ekstrakty goşulandy.

Ine-de, matada däl-de, suwda ajaýyp surat döretmegiň syrlary başlanýar. Munuň üçin Nilýufer çotgajykdaky reňkleri suwly gaba silkeleşdirýär welin olar suwda owadan şekil ýasap ýaýrap ugraýar. Nilýufer bir reňki, beýlekisini goşýar welin, gözüň alnynda tawus guýrugyna meňzeş nagyş peýda bolýar. Ýöne ol ony başga şekile öwürýär – ol eline demir dişli darak alyp, suraty “daraýar-da” ony abstrakt kompozisiýa öwürýär. Soňra nakgaş suwa kagyz taşlandan 10-15 minut geçensoň onda gelşikli nagşyň nusgasy galýar!

Nilýufer ornuny muzeýýe gelen muňa höweseklere berýär, olar ebru usulynda surat çekmekden uly lezzet aldylar.

Turkmenistan.gov.tm

Pikiriňiz?