Söýgüliler günü näme üçin bellenýär?

Söýgüliler gününiň näme üçin bellenip başlanandygy bilen bagly birnäçe hekaýalar aýdylýar.

14-nji fewral nädip ýüze çykdy?

Gadymy Rimde 14-nji fewral Rim halky üçin wajyp gündi. Çünki bu günde Rim hudaýlarynyň koralewasy bolan Juno goýulýan hormat mynasybetli dynç alyş diýip yglan edilýärdi.

Ertesi 15-nji fewralda Lupercalia baýramy bilen dowam etdirilýärdi. Bu baýramda rimli juwan gyzlar öz atlaryny kiçijik kagyz böleklerine ýazyp, gutyň içine atýardylar.

Rimli ýaş ýigitler bolsa bije boýunça çeken kagyzynyň ýüzünde ady ýazylan gyz bilen Lupercalia baýramyna birlikde gatnaşmak mümkinçiligini gazanýardylar. Eger olar biri-birine aşyk bolsalar durmuş toýuny toýlaýardylar.

Eziz Walentin güni


Imperator Klaudius Rimi dolandyran zalym hökümdarlaryň biridi. Goşunynda esger ýetmezçiligi onuň üçin iň uly mesele bolup durýardy. Ol munuň sebäbini Rimli erkekleriň öz söýgüli ýarlaryny ýa-da maşgalalaryny taşlap gaýtmak islemeýändiginde görýärdi. Şonuň üçinem Rimde adaglanmak ýa-da durmuş gurmak dabaralaryny gadagan etdi.

Eziz walentin bolsa Klaudiusyň hökümdarlyk eden wagtynda ybadathanada ruhanydy. Özi ýaly ruhany Eziz Marius bilen gizlinlikde jübütleriň nikasyny gyýmaga dowam etdi. Emma imperator bu ýagdaýy biraz wagtdan soňra bildi. Eziz Walentin bu eden etmişi üçin tussag edildi we urup öldürildi. Miladydan soňky 270-nji ýylyň 14-nji fewralynda bolsa jaýlanyldy.


Ýyllar geçdigiçe, 14-nji fewral aşyklaryň baýramyna öwrüldi. Aşyklary goramakda bitiren işleri üçin bu baýramda eziz Walentin hem ýatlanyp geçilýär.

14-nji fewral 1800-nji ýylynda Esther Howlandyň ilkinji söýgüliler kartyny iberenden bäri has-da meşhurlyga eýe boldy.

Pikiriňiz?