Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bolsa ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçin tagallalary birleşdirýän, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýan döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar. Parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky işe goşýan ägirt uly goşandymyzy bütin dünýä ýaýýar.

Şoňa görä-de, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda hem bu aýratyn ähmiýetli halkara baýramy Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýan şanly wakalara besläp, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hem-de durmuş ulgamynda gazanýan ajaýyp üstünliklerimizedir belent sepgitlerimize bolan guwanç duýgularymyz bilen garşy alýarys.

Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna bagyşlanan dabaralar ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny hem-de mertebesini has-da ýokary göterýär, biziň her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar.

Eziz halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan güýjümiz, geljegimize beýik ynamymyz bilen biz içeri hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikleri gazanýarys. Bu ajaýyp taryhy eýýamda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarymyza laýyklykda Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde hemişe ykrar edilmegi üçin tutumly işleri alyp barýarys. Örän möhüm özgertmelerimizi depginli dowam etdirmek bilen, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarys.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, iri senagat-önümçilik kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we obadyr şäherçeleriň gurulmagy eziz Diýarymyzyň durnukly ykdysady ösüşini hem-de berkararlygyny üpjün edýär. Elbetde, biziň ähli üstünliklerimiziň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy bolup durýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy beren beýik mukaddesliklerimizdir.

Mähriban watandaşlar!

Biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň dürli döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. Parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy, içerki ösüşi we dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirýäris.

Şeýle bolansoň, halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolan 2018-nji ýylda Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň hem-de Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy. Biziň başlangyjymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Owganystanda halkara tagallalary goldamak boýunça hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Rezolýusiýalary kabul etdi. Her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.

Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli tamamlandy. Şeýlelikde, ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýy dünýä doldy. Bu üstünlikleriň ählisi bize Garaşsyzlygyň we alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň beren miwesidir.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ýetip gelen şanly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň bütin dünýäde at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TDH

Pikiriňiz?