Siňekler we olaryň zyýany

Hakyky siňekler maşgalasyna degişli mör-möjek. Bedeniniň uzynlygy 6—8 mm. Öý siňeginiň 2 formasy (kiçi görnüşi) bar. Birmeňzeş formasy (M.d. domestica) bütin ýer şarynyň aram zonasynda, GDA-nyň, esasan, sähra, tokaý-sähra, tokaý zolaklarynda ýaýran. Günorta formasy (M.d. vicina) orta zolagyň günorta giňliginde, subtropiki we tropiki raýonlarda, GDA-da – Orta Aziýada, Zakawkazýede, Günorta Primorýede duşýar.

Bir urkaçy öý siňegi 1 gezekde ortaça 120-ä, 1 ýylda 900-e çenli ýumurtga taşlaýar. Ýumurtgasyndan 8—50 sagatda liçinka çykýar. Liçinkalary (uzynlygy 13 mm-e çenli) ak reňkli, aýaksyz we kellesiz bolýar. Liçinka 3-25 gije-gündizden soň kukolka öwrülýär. Kukolka fazasy 3 gije-gündizden birnäçe aýa (gyşlanda) çekýär.

Türkmenistanyň şertlerinde öý siňegi

Türkmenistanyň şertlerinde öý siňeginiň ýylda 10—12 nesli ösüp ýetişýär. Öý siňegi liçinka, kukolka ýa-da ganatly formada (tohumlanan urkaçylary) gyşlaýar. Olar ilat arasynda ýokanç keselleri, aýratyn-da içege infeksiýasyny ýaýradyjydyr.  Şonuň ýaly-da olar adama we haýwana soguljan gurçuklarynyň ýumurtgalaryny düşürýärler.

Siňeklere garşy göreş çäreleri

Göreş çäreleri: profilaktikasy—dersi we taşlandylary jebis ýapylýan gaplarda saklamaly. Ýok ediş çäreleri – hajathanalary, zir-zibilleriň dökülýän ýerlerini, mal ýataklaryny we başgalary aýda bir gezek hlorofos preparaty bilen dermanlamaly; hlorofosly ýa-da formalinli süýji aldawaçlary, ýelmeşegen kagyzlary (asylýan) ulanmaly.

Siňekler we olaryň hapalygy

  • +30° -da 10 günde ulalýarlar
  • Iýmitlere tüýkürýärler, gaýtarýarlar, täret edýärler
  • Tarakanlardan 2 esse hapa
  • Zibillerde we täretlerde ulalýarlar
  • Dürlü patogenleri göterýärler

Siňekleriň döredýän keselleri:

  • Içgeçme
  • Iýmit zäherlenmesi
  • Garyn – içege keselleri
  • Garyn garahassalygy
  • Göz we deri infeksiýalary

Siňeklerden goranmak üçin:

  • Howlynyň içini – daşyny arassa sakla
  • Iýmitleri üsti açyk galdyrma
  • Öýüň temperaturasyny sazla
  • Ýelmeşegen siňek klyonkalaryny ulan
  • Siňek kowujy ösümlikleri ulan ( reýhan, sogan, sarymsak, ajy burç, limon )

Himiki serişdeleri ulanmak saglyga howp salyp biler

Çeşme : Gollanma ; Saglyk

Pikiriňiz?