Saud Arabystanynyň ilkinji robot işgäri wezipä başlady

Saud Arabystany Şalygyna degişli bir guramada adamlaryň şahsyýetlerine gözegçilik edýän we özüne berilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirýän robota uly gyzyklanma bildirilýär

Robotyň mundan başgada Tehniki we Hünär bilim merkezinde geçirilen maslahata gatnaşyp, ýurdyň Milli Bilim ministri Ahmet El Issa we guramanyň müdüri Ahmet El Fahaid bilen gürrüňdeş bolmagy ünsleri özüne çekdi.
Robot işgär, sistemada ýüklenen elektronik hasaplama programmasy bilen işlemegini dowam etdirer.
Robotyň TVTC merkezinde sergä giden adamlara maglumat berjekdigi we beýleki käbir işleri ýerine ýetirjekdigi mälim edildi.
Döwrebap tehnologiýa önümi bolan robot müşderilere hyzmat bermek, anketa geçirmek we maglumat ýetirmek ýaly aýratynlyklara hem eýe bolar.
Saud Arabystany Şalygy, raýatlarynyň tehnologik önümlerden peýdalanyp bilmekleri üçin soňky wagtlarda täze başlangyçlar etmäge başlady.

TRT

Pikiriňiz?