Sanly ulgam: internetde çagalar kitaphanasy

Ýa­ňy­-ýa­kyn­da­ ki­tap­ha­na­ ul­ga­my­nyň, anyk­laş­dy­ryp­ aýt­sak,­ ça­ga­lar­ ki­tap­hana­sy­nyň ýe­ne­de­ bir ­tä­ze,­ amat­ly,­ el­ýe­terli­ hyzmaty ýola ­goýuldy. Ýur­du­my­zyň ­ça­ga­lar­ ki­tap­hana­sy­nyň ­res­mi­ « chagalar-kitaphana.gov.tm » internet­ saý­ty­ öz ­işi­ne­ baş­la­dy. Saý­tyň­ açy­lany­na ­en­tek ­on­çak­ly ­köp ­wagt geçmedik­ bolsa­da, ­ol­ eý­ýäm ­müň­ler­çe ­kör­pe­ oky­jy­la­ryň ün­sü­ni­ özüne çekdi.

Tä­ze­ ki­tap­ha­na­nyň­ saý­tyn­yň­ giň­ mümkin­çi­lik­le­ri­ bo­lup, ol­ Türkmenistanyň­ Ba­zar Ama­now ­adyn­da­ky­ döw­let ­ça­ga­lar ­ki­tap­hana­sy­nyň bin­ýa­dyn­da ­dö­re­dil­di. Tä­ze­ saýt­da bir­nä­çe ­ki­tap­ha­na­ hyz­mat­la­ry­ on­laýn terz­de ula­ny­jy­la­ra­ hö­dür­le­nil­ýär. Şeý­le­de­ bu­ saýty o­ka­ry ­çe­per­çi­lik­ bezegleri­ne ­eýe­dir. On­laýn ki­tap­ha­na ­bir­nä­çe ­bö­lüm­ler­den­ yba­rat ­bo­lup, bu­ýer­de­ ça­ga­lar­ ki­tap­ha­na­sy­na­ de­giş­li­ fo­tosu­rat­lar, ­gy­zyk­ly­ mag­lu­mat­lar, dür­li­ žanr­da­ky elekt­ron ­ki­tap­lar­ ýer­leş­di­ri­lip­dir. Elekt­ron­ kitap­lar­ di­ňe­ körpe­ oky­jy­lar­ üçin­ däl­de,­ eý­sem, uly­ ýaş­ly­ ki­tap ­sö­ýü­ji­le­re­ hem­ niýetlenendir. Saýt­da­ky­ mag­lu­mat­la­ryň­ türk­men­ we­ rus
dil­le­rin­de­ be­ýan ­edil­me­gi­ bol­sa,­ ki­tap­ha­nanyň ­oky­jy­la­ry­nyň ­sa­ny­nyň ­has-da ­art­ma­gy­na oňaý­ly­ şert ­dö­red­ýär.­ Saý­tyň­ de­giş­li ­bö­lüm­lerin­de­ makalalar, ­täz­e­lik­ler ­giň ­orun­ aldy.

Tä­ze­ « chagalar-kitaphana.gov.tm »­ on­laýn ki­tap­ha­na­syn­dan­ özü­ňe­ ge­rek­li­ ki­tab­y­ hiç wagt ­ýi­tir­mez­den,­ ba­ry­-ýo­gy ­bir­nä­çe ­se­kundyň ­için­de­ tapmaklyk­ üçin ­ýö­ri­te­ «Göz­leg» pen­ji­re­si ­hyz­mat­ ed­ýär. Bu ­bol­sa ­kitaphananyň­ müm­kin­çi­li­gi­ni ­ýe­ne­de­ gi­ňeld­ýär.

Bu ­mümkinçilik­ ki­tab­y­ hem­ra­ edi­nen­ ýaşlar­ üçin­ iň­ňän­ äh­mi­ýet­li.­ Kitapsöýü­ji­ler­ tä­ze dün­ýä ­ga­dam ­bas­dy­lar.­ Ne­neň ­şeý­le­ bol­masyn?! Eý­sem, oka­mak­ is­le­ýän­ ki­ta­by­ňy­ hiç ýe­re­ bar­maz­dan,­ men­zil­ sök­mez­den,­ otu­ran ýe­riň­de­ gör­mä­ge,­ al­ma­ga,­ oka­ma­ga ­mümkin­çi­li­giň­ bol­sa,­ oňa­ ýe­te­si­ nä­me­ bar?! Şeý­le bo­lan­soň,­ äh­li­ ul­gam­lar­ bi­len­ bir­ ha­tar­da ­ýurdu­my­zyň­ kitaphana­ ul­ga­my­ny­ ös­dür­mä­ge, ul­ga­ma ­san­ly­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ ornaşdyrma­ga uly ­üns­ ber­ýän­ Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­za­ her bir­ ildeşimiziň­ al­ky­şy ­çäk­siz.

Atam­yr­at­ Aşyr­gu­ly­ýew

Türkmen gündogary

Pikiriňiz?