Saglyk üçin maslahatlar

Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.

Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly, howpsuz 2 metr araçägi berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini dogry dakynmaly.

Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman özbaşdak içmeli däl. Bu, esasan, antibakterial serişdelerine degişli. Sebäbi antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakterialara garşy göreşýär.

Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem içgileri içmegi endik edinmeli.

Ýurdumyzda möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem ýola goýluldy. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary kabul edip biler.

Edebiýat we Sungat gazeti

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

%d blogcu bunu beğendi: