Russiýanyň gara altyn girdejisi 3,1 göterim artdy

Russiýanyň gara altyndan alýan girdejisi 3,1 göterim artdy. Tebigy gaz eksporty bolsa üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 0,4 göterim aşaklady

Russiýanyň nebit girdejisi üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 2018-nji ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 3,1 göterim artdy. Girdeji 29,1 milliard dollara barabar boldy.

Russiýanyň Federal Gümrük gullugynyň görkezijilerine görä, Russiýada nebit eksporty üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 6,8 göterim artyp, 65,9 million dollara ýetdi.

Russiýanyň tebigy gaz eksporty bolsa üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 0,4 göterim aşaklady.

Russiýa 2018-nji ýylda nebit eksportyndan 129 milliard dollarlyk, tebigy gaz eksportundan bolsa 49,1 milliard dollarlyk girdeji gazandy.

TRT

Pikiriňiz?