Russiýa S-400 goranyş ulgamynyň 2019-njy ýylda gowşuryljakdygyny habar berdi

“Şeýle uly taslama üçin taraplaryň diňe bir gyzyklanmasy ýeterlik däl, şol bir wagtda bilelikde işleşleşmek üçin taýarlykly bolunmaly”

Russiýa S-400 howa gyranyş ulgamlarynyň 2019-njy ýylda Türkiýä gowşuryljakdygyny beýan etdi

Russiýanyň döwlet goranyş senagaty firmasy “Rostehiň” halkara gatnaşyklar we sebitleýin syýasatlar müdiri Wiktor Kladow Türkiýe bilen dowam etdirilýän S-400 howa goranyş ulgamlary, bilelikdäki harby uçar önümçiligi, harby-tehniki we beýleki senagat taslamalary barada beýanat berdi.

Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda 5-nji nesil harby uçar öndürmek üçin uzak möhletli geňşmeleriň geçirilmelidigine ünsi çeken Kladow; “Şeýle uly taslama üçin taraplaryň diňe bir gyzyklanmasy ýeterlik däl, şol bir wagtda bilelikde işleşleşmek üçin taýarlykly bolunmaly” diýdi.

Bilelikde harby uçar öndürmegiň “iňňän çynlakaý” karardygyny beýan eden Kladow; “Emma şeýle karar kabul edilen halatynda Russiýanyň we Türkiýäniň şol taslamanyň iş ýüzüne geçirilmeginde möhüm netijeler almak üçin ýeterlik tehnologik we senagat infrastrukturasynyň bardygyna ynanýaryn” diýdi.

Türkiýäniň S-400 ulgamynyň gowşurylma möhletiniň öňe süýşürmek isleýändigini ýatladan Kladow; “Ulgamyň ilkinji böleginiň 2019-njy ýylda Türkiýä gowşurmagy meýilleşdirýäris. S-400 howadan gelmegi ähtimal ähli howplary ortadan aýyrmaga ukyply, dünýäde deňi-taýy bolmadyk goranyl ulgamy” diýdi.

 

Çeşme : TRT

Pikiriňiz?