Russiýa howplaryň kesgitlenmegi üçin internet aragatnaşygyny kesmegi meýilleşdirýär

Russiýanyň “RBK” habarlar gullugynyň resmi guramlara esaslandyrýan habaryna görä Russiýa garşy internet arkaly abanýan howplara garşy käbir çäreler görüler

Görüljek çäreleriň kesgitlenmegi üçin käbir synaglaryň geçiriljekdigine üns çekilýän habarda, şolardan biriniň bolsa Russiýanyň global internet ulgamynyň kesilmegi boljakdygy nygtalýar.

Synagyň çäginde rus raýatlarynyň we edaralarynyň arasynda alyşylýan datalaryň halkara internet dolanşygyna girmänkä ýurduň içinde saklanmagy maksat edinilýär.

Şeýlelik bilen ýurtda interneti global internet üpjün edijilerinden garaşsyz ulanyp, guralmagy ähtimal kiber hüjümlerden goranmak göz öňünd tutulýar.

Emma käbir hünärmenler bu synanşyk başa baran halatynda, ýurtdaky internet senzurasynyň Hytaýdaky ýaly “berk” boljakdygyny duýdurýar.

Russiýa internetiň “ýerlileşdirilmegi” üçin 20 milliard rubla golaý serişde bölüp berip, internet aragatnaşygynyň kesilmegi arkaly geçiriljek synaglaryň 1-nji aprelden ozal geçirilmegini meýilleşdirýär.

TRT

Pikiriňiz?