Russiýa bilen Pakistan 10 milliard dollarlyk maýa goýum boýunça ylalaşdy

Russiýa bilen Pakistan Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan çykarylýan tebigy gazyň Günorta Aziýa ýetirilmegi hem-de Pakistanyň deňizde nebit gözleg işleri üçin 10 milliard dollarlyk maýa goýumy boýunça ylalaşdy

Paýtagt Yslamabatda Pakistanyň Halkara gaz ulgamlary firmasy bilen Gazprom açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gazanylan ylalaşygyň gol çekişlik dabarasyna Pakistanyň Nebit ministri Gulam Serwer Han gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Han iki ýurduň energetika ministrleriniň sentýabr aýynda geçiren duşuşygynda Ýakyn Gündogardaky nebit serişdelerini Pakistana getirmek üçin deňiziň aşagyndan turba geçirijisiniň çekilmegi barada ylalaşylandygyny nygtap: “Russiýa tebigy gaz we nebit pudagynda Pakistana 10 milliard dollarlyk maýa goýar” diýdi.

Çykyşlardan soň ylalaşyga Pakistanyň adyndan Halkara gaz ulgamlary firmasynyň baş Müdiri Mubin Saulat bilen Russiýanyň adyndan Gazprom açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Witali Markelow gol goýdy.

Ylalaşyga laýyklykda Pakistan ýurda barýan gazyň 14-28 million kub metrini sarp eder. Tebigy gaz Pakistanyň üstaşyr Günorta Aziýa ýurtlaryna akdyrylar.

Gazprom Pakistanyň deňizdäki nebit gözleg işlerine-de gatnaşar.

Tebigy gaz turba geçirijisiniň 4 ýylyň dowamynda tamamlanmagy nazarda tutulýar.

TRT

Pikiriňiz?