Russiýa 7 ukrain harbyny tussag etdi

Russiýanyň Kazyýeti, Kerç bogazynda Russiýanyň Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan göz tussaglygyna alynan Ukraina degişli gämilerdäki 7 harbyny tussag etmek barada karar kabul etdi

 

Gara deňizde Kerç bogazynyň golaýynda, Russiýa tarapyndan saklanan Ukraina degişli gämilerde göz tussaglygyna alynan 24 harbynyň 7-si tussag edildi.

Ria agentliginiň berýän habaryna görä, Krymdaky Rus kazyýeti, Russiýanyň suw giňişliginiň düzgünini bozandygy sebäpli 7 harby üçin 2 aý tussag edilmek barada karar kabul etdi.

Beýleki harbylaryň kazyýet işler bolsa dowam edýär.

25-nji noýabrda Gara deňizde Kerç bogazynyň golaýynda rus harby gämileri, Ukraina degişli harby gämilerine ýurdyň suw giňişligini düzgünini bozandygy sebäpli operasiýa geçiripdi, Ukrainanyň Deňiz güýçlerine degişli 3 gäminiň 24 harbysy göz tussaglygyna alynypdy.

 

Çeşme: TRT

Pikiriňiz?