Kasym Tokaýew Gazagystanyň prezidenti saýlandy

İyun aýynyň 9-y Gazagystanda prezident saýlawy geçirildi. Geçirlen prezident saýlawy netijesinde häzirki prezident Kasym Jomart Tokaýew sesleriň 70,13 % alyp  Gazagystanyň prezidentligine saýlandy

“Jemgyýetçilik garaýyş” institutynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Aýnur Mažitowa, metbugata beren beýanatynda; ýurtda 325 müň saýlaw merkezinde 13200 saýlawçynyň arasynda sowalnama geçirendiklerini nygtady.

Aýnur Mažitowa sowalnamanyň netijeleriniň Nur Otan partiýasynyň dalaşgäri  Kasym Jomart Tokaýewiň sesleriň 70, 13 göterimini alandygyny görkezýändigini belledi.

Gazagystanda prezident saýlawy gatnaşyjylary Komunistler Halk partiýasynyň dalaşgäri Žambyl Ahmetbekow sesleriň 3,86, Gazagystan Demokrat partiýasynyň dalaşgäri Daniýa Ýespaýewa sesleriň 5,82. Milletiň ykbaly partiýasynyn dalaşgari Amiržan Kosanow sesleriň 15,39, Halk demokratik watansöýer partiýasynyň dalaşgäri Toleutaý Rahimbekewa bolsa sesleriň 3,3 göterimini aldy.

Tokaýew kasam edip wezipesine girişdi


Geçirilen möhletinden irki prezident saýlawynda üstün çykan Kasym Jomart Tokaýew kasam edip, wezipesine girişdi. 

Tokaýew jemgyýet bilen häkimiýetiň arasyndaky dialogyň ösmeginiň halky aladalandyrýandygyny, şeýle dialogyň plýuralizme esaslanmalydygyny nygtady. Jemgyýetiň ähli gatlaklkarynyň wekillerini özünde jemleýän Milli Jemgyýetçilik Ynam Geňeşini döretjekdigini aýtdy.

Tokaýew hökümetiň Halka beren wadalarynda durmalydygyny nygtap: “Diňe şeýle bolanda halkyň jebisligini we ýurduň durnuklylygyny gorap bileris” diýdi.

Pikiriňiz?