PORTUGALIÝA — TÄSIN ÝURT

Portugaliýa täsin ýurt – Ýewropanyň günbatarynda, Pireneý ýarym adasynda ýerleşýän Portugaliýa wekilleri irki döwürlerden bäri ussat deňizçiler hökmünde meşhurdyrlar.

PORTUGALIÝA — TÄSIN ÝURT

Olar dünýäniň köp ýerlerini ilkinji bolup açyp, ol ýerlerde özleriniň medeniýetini, sungatyny, arhitekturasyny ornaşdyrypdyrlar.

Ginnesiň rekordlar kitabynda ýazmaklaryna görä,dünýäde iň gadymy kitap dükanlarynyň biri-de Portugaliýada ýerleşýär. Bertrand diýlip atlandyrylýan bu kitap dükany 1732- nji ýylda açylypdyr. Häzirki wagtda ýurtda onuň bölümleriniň 52si bar.

Portugaliýadaky Vasco da Gama köprüsi uzynlygy boýunça Ýewropada ikinji orunda durýar. Onuň uzynlygy 12,3 kilometre barabardyr. Bu ýurtdaky Cabo da Roca nokady Ýewopanyň iň günbatar nokadydyr.

Pikiriňiz?