Özbegistanyň daşary söwdasy 34,7 milliard dollara ýetdi

Özbegistanyň daşary söwda kuwwady ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 34,7 milliard dollara ýetdi.

Özbegistanyň Döwlet Statistika komitetinden berilen beýanata görä, dünýäniň 189 ýurdy bilen söwda edýän Özbegistanyň daşary söwdasy kuwwady şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 2018-nji ýylyň şol döwrine garanyňda 34,4 göterim artyp, 34,7 milliard dollara ýetdi. 

Beýanata görä, ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda ýurdyň eksporty 43,3 göterimlik artyş bilen 14,8 milliard dollara ýetdi. Importy bolsa 28,5 göterimlik artyş bilen 19,9 milliard dollara ýetdi. 

Ady agzalan döwürde ýurdyň daşary söwda ýetmezçiligi 5,1 milliard dollar hökmünde bellige alyndy.

TRT

Pikiriňiz?