Özbegistanda ýolagçy awtobusynda bolan partlamada 5 adam ýogaldy

Awtobusyň tebigy gaz bakynda bolan partlamada 21 adam hem ýaralandy

Awtobusyň tebigy gaz bakynda bolan partlamada 21 adam hem ýaralandy

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýannamada Buhara şäherindäki ýangyç bekedinden ýangyç alýan awtobus ýola düşenden soň bakynda partlama bolandygy habar berildi.

Wakada 5 ýolagçynyň ýogalandygy, 21 ýolagçynyň ýaralanandygy, hassahana getirilenlerden käbirleriniň ýagdaýynyň agyrdygy beýan edildi.

 

ÇEŞME: TRT

Pikiriňiz?