Özbegistan 45 ýurda wiza erkinligini döretdi

Özbegistan düýnden başlap ýene-de 45 ýurda wiza erkinligini we ýene-de 76 ýurda ýeňilleşdirilen wiza gollanmasyny başlatdy

Prezident Şewket Mirziýoýew tarapyndan ýurdyň syýahatçylyk pudagynyň özgerdilmegi bilen baglanşykly geçen aý gol çekilen kararnama güýje girdi. 

Şoňa laýyklykda düýnden başlap aglabasy ÝB-a agza ýurtlar bolan ýene-de 45 ýurdyň raýatlary wiza almadan 30 günüň dowamynda ýurtda syýahat edip bilerler. 

Kararnama bilen mundan başgada ýene-de 76 ýurdyň raýaty Özbegistanyň wizasyny “e-viza” gollanmasynyň üsti bilen ýeňilleşdirilen ýagdaýda 2 günüň dowamynda alyp biler.

Täze kararnamanyň güýje girmegi bilen Özbegistanyň wiza erkinligini döreden ýurtlaryň sany 64-e, ýeňilleşdirilen wiza gollanmasyny hödürlän ýurtlaryň sany bolsa 130-a ýetdi.

TRT

Pikiriňiz?