Öýe nädip internet birikdirmeli?

“Öýe nädip Wi-Fi çekmeli?” diýen soragy köp eşiden bolsaňyz gerek. Ýagny öýüne internet birikdirjek bolýanlar oňa “Wi-Fi” birikdirjek bolýarlar. Internete öwrenişmedik ulanyjylar “Wi-Fi” tehnologiýasyny internet bilen çalyşýarlar.

 

Size “Wi-Fi”-ni gysgaça we gaty aňsat düşündirjek bolaly.

Simli tory işde ýa-da başga ýerlerde görensiňiz. “Wi-Fi” – bu simsiz tor. Ýagny kompýuterler we elektron enjamlar bir-biri bilen simsiz tor esasynda baglanýarlar. Şol tehnologiýa hem “Wi-Fi” diýilýär.

Ýene bir mysal: “Share it” programmasy barada eşiden bolsaňyz gerek we ony telefonyňyzdan biri-biriňize maglumat (surat, aýdym, programma we ş.m.) geçirmek üçin ulanýan bolsaňyz gerek. Eýsem, maglumat telefonlaryň arasynda nädip geçýär? Elbetde, “Wi-Fi”-iň üsti bilen.

 

“Wi-Fi” öýde näme üçin gerek?

Eger öýe internet birikdirseňiz, onda siz ähli kompýuterleriňize, elektron enjamlaryňyza internet bermek üçin olara sim çekmeli bolarsyňyz. Göz öňüne getiriň, öýüňiziň içinde simleriň doluşyny…

Bu simlerden dynmak üçin “Wi-Fi”-ni ulanyp bilersiňiz. Ýagny, internete baglanmagy simden geçirmän, “Wi-Fi”-den paýlasaňyz bolar.

Eger-de, öýde diňe bir kompýuter bar bolsa we birikdirjek internetiňiz şol kompýuter üçin niýetlenen bolsa, onda size “Wi-Fi” gerek bolmaz.

 

Öýde internedi “Wi-Fi”-iň kömegi bilen birikdirmek üçin nämeler etmeli?

  1. Internet birikdirmek üçin arza ýazmak;
  2. “Wi-Fi” routerini satyn almak (ADSL girişi bar bolan)
  • “Splitter” enjamyny satyn almak (eger zerur bolsa);
  • Iki sany telefon kabelini satyn almak (eger zerur bolsa).

 

1. Internet birikdirmek üçin arza ýazmak

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AŞTU) ýa-da “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň müşderiler bilen işleşýän merkezlerine baryp, öýe internet birikdirmek boýunça arza ýazmaly we degişli tölegini etmeli (Bu merkezlerde pasport, onuň nusgasy ýaly resminamalaryňyz talap edilip biliner) .

 

*Eger arza beren wagtyňyz operator size modem ýa-da başga enjam satmak islese, sizde bar bolan enjamlary aýdyň, ýagny şol bir enjamy iki gezek almazlyk üçin.

Ýazan arzaňyz esasynda, birnäçe günüň dowamynda öýüňize ýokarda agzalan edaralaryň hünärmenleri gelip, internet birikdirip bererler. Hünärmenlere “Wi-Fi” internetini gurnap bermeklerini aýdyň. Netijede, olar “Wi-Fi” routeriňizi sazlap, “Wi-Fi” internedi gurnap bererler.

 

Ýene esasy zatlaryň biri hem – internediň tizligi. Öz maddy ýagdaýyňyza laýyklykda tizligi saýlap alyň. Eger tizligi pesräk görseňiz, onda arza ýazan ýeriňize internediň tizligi ýokarlandyrmak üçin ýüz tutup bilersiňiz.

Internediň töleg nyrhnamalary bilen “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýa-da “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň töleg merkezlerinde ýa-da olaryň web saýtlarynda tanyşyp bolar.

 

2. “Wi-Fi” routerini satyn almak (ADSL girişi bolan)

“Wi-Fi”-ni işletmek üçin router satyn almaly. “Wi-Fi” routeriň esasy wezipesi – simli (kabelli) gelýän tory simsiz (kabelsiz) görnüşe öwürmek we ony ulanyjylara paýlamak.

“Wi-Fi” routerlerini ýurdumyzyň kompýuter dükanlaryndan satyn almak bolar. Olar dürli görnüşde bolup, öndüriji kompaniýasy, meşhurlygy, tizlige täsiri, tory paýlaýan çägi ýaly häsiýetnamalary boýunça özara tapawutlanýar.

Esasy üns bermeli zat, “Wi-Fi” routeriň ADSL tehnologiýasynyň (girişiniň) bolmagy. Bu Size goşmaça enjam almaz ýaly mümkinçilik döreder.

 

“Splitter” enjamyny satyn almak (eger zerur bolsa)

“Splitter” – bölüji manysyny berip, onuň bir tarapyna, ýagny girişine öýe gelýän telefon kabeli birikdirilýär, beýleki tarapy bolsa iki çykyşly bolup, bir çykyşyndan telefona çenli, beýleki çykyşyndan bolsa “Wi-Fi” routerine çenli kabeller birikdirilýär. “Splitter”-iň esasy wezipesi – öý telefonyň liniýasy öçük bolmaz ýaly, gelýän bir kabeli iki kabele bölüp, hem telefon liniýasy, hem “Wi-Fi”-ne barýan toruň işlemegini üpjün edýär. “Splitter” enjamy kiçijek we bahasy ujypsyz bolup, ony ýurdumyzyň kompýuter we tehnologiýalar dükanlaryndan satyn almak bolar.

 

Iki sany telefon kabelini satyn almak (eger zerur bolsa)

“Splitter” enjamy üçin 2 sany kabel satyn alynmaly: biri telefona, beýlekisi bolsa “Wi-Fi” routere birikýän kabeller.

 

Öýde peýdalanylýan internetiň işleýşi boýunça görnüşleri

Öýe birikdirilýän internet iki görnüşde işleýär:

  1. Öýe gelýän telefon liniýasynyň üsti bilen: telefon liniýasy “Wi-Fi” routerine birikýär we “Wi-Fi” routeri tory ulanyjalara paýlaýar. Muňa başgaça ADSL interneti hem diýilýär.
  2. Öýe gelýän optiki aragatnaşygyň kabeli bilen: optiki aragatnaşygyndan gelýän kabel “Wi-Fi” routerine birikýär we “Wi-Fi” routeri tory ulanyjalara paýlaýar. Elbetde, bu görnüş 1-nji görnüşden tizligi boýunça uly bolýar.

 

Çeşme: https://turkmenportal.com/tm/compositions/385

Pikiriňiz?