OKUW TORBALARY NÄHILI BOLMALY?

Okuw ýylynyň öňsyrasynda oglumyň kitaply torbasyny göterip onuň agyrlygyna geň galdym. “Beýle agyr torbany göterip arkaňy agyrdaýma! Bu azyndan 5 kilo barla! Partadaşyň bilen gepleşip, getirilmeli kitaplary böleşseňiz bolmaýarmy?” diýip ogluma ýüzlendim.

Mekdep okuwçysy bütin gün okuw torbasyny (rýukzagyny) göterip gezende, siz onuň agyrlygynyň bedene ýetirýän zyýany barada pikir edýärsiňizmi? Kadada içi okuw esbaply okuw torbasynyň agramy çaganyň öz agramynyň 10%-den ýokary bolmaly däl. Ýöne gündeki alynmaly kitaplaryň, depderleriň, umumy depderleriň, galamdyr-ruçkalar salynýan penalyň agramyny göz öňüne tutaňda, bu kadadan çykman saklanma kyn bolýar. Onuň üstesine, mugallym goşmaça umumy depderi tutmagy talap etse ýa-da okuwdan daşary edebiýaty getirmegi tabşyrsa, garbanmak üçin iýmit ýa-da içmäge arassa suw almakçy bolsaň torbanyň agramlylygy has hem artýar.

Mekdep torbasy nähili agramly bolmaly?

Orsýetli lukmanlaryň maslahat bermegine görä, içi okuw esbaply mekdep torbasynyň umumy agramy I-II synpda okaýan çagalar üçin – 1,5-2 kg; III-IV synpda – 2-2,3 kg; V-VI synpda – 2,3-3 kg; VII-VIII synplarda – 3-3,5 kg; IX-XI synplarda – 3,5-4,5 kg deň bolmalydyr.

Başlangyç we orta synplarda dogry saýlanan mekdep rýukzagy eplenmeýän gaty arkaly bolup, onuň egne geýilýän kemerleri giň (3,5-4sm-den az däl) bolmalydyr we olar kadalaşdyrylma uýgun bolup, torba bedene mäkäm degip durmalydyr. Kiçi ýaşly mekdep okuwçysynyň mekdep torbasynyň arassa öz agramy 700 gramdan, orta ýaşly mekdep okuwçysynyňky bolsa 1 kilogramdan agyr bolmaly däldir.

Hünärmenler torbany öndürmek üçin ulanylýan serişdelere hem aýratyn talaplary bildirýärler: ol ýeňil we suw geçirmeýän mata bolup, ýagtylygy yzyna serpiji elementler bilen üpjün edilmelidir we içi iki bölümden az bolmaly däldir. Torba ýiti ysly bolmaly däldir.

Hakykatda bolsa, ulanyjy üçin oňaýly ülňülere deň gelýän mekdep torbalaryny tapmak kyndyr. Öndürijileriň aglabasy rýukzaklaryň mekdep (olar syýahatçylar, säherde göterilme üçin hem öndürilýär) üçin niýetlenendigini, onuň arassa agramyny, haýsy serişdeden öndürilendigini hemişe belläp hem durmaýarlar.

Uly agramly mekdep torbasy nähili zyýan ýetirýär?

Uly agram, esasan hem ol egne we arka deň derejede dogry paýlanmaýan bolsa, oňurganyň, bogunlaryň ýagdaýyna täsir edip, oňurganyň gyşarmagyna (skolioz), içki agzalaryň gysylmagyna, gan aýlanşygynyň bozulmagyna we iýmit siňdiriş bozulmalary bilen bagly kynçylyklara sezewar edip biler.

Çagalyk döwründe beden myşsalary we baglaýjylary ýeterlik bekemedik bolýar we bedeni goşmaça agram bilen dogry ýagdaýda saklap bilmeýär.

Çaga bilmezden öňe egilmeli bolýar, kükerýär. Garyn böleginde diafragma gysylýar, bagryň we içegeleriň işjeňligi hem bozulyp, olar adaty anatomiki ýerinden wagtyň geçmegi bilen aşak düşýärler. Oňurganyň bir tarapa gyşarmagy bolsa içki agzalaryň işine ýaramaz täsir edýär, çaganyň dik ýöremeginiň bozulmagyna getirýär, arkada dürli häsiýetli agyrylaryň döremegine sebäp bolýar.

Meniň bilen tanyş mekdep lukmanynyň bellemegine görä, hakykatda bolsa hemme kitaplary alyp gelýän orta ýaşly türkmenistanly mekdep okuwçysy bolmalysyndan 2-2,5 kg agramy artyk göterip ýarym gün gezýär. Eger ol bedenterbiýe üçin niýetlenen eşiklerini hem aýry torbada boýnundan asaýsa, bu ýük ene 1-1,5 kg köpelýär.

Mekdep torbasynyň agramyny azaltmak üçin näme etmeli?

↪ Mekdep torbasyny satyn alanyňyzda onuň agramyna üns beriň. Öndürijileriň hemmesi sanitar talaplary berjaý etmeýärler. Boş ýagdaýynda 1,5 kg agramly torbalar hem öndürilýär. Sanitar-gigiýeniki talaplara görä, kadada mekdep rýukzagynyň agramy 0,5-1 kg aralykda bolmaly.

↪ Synp ýolbaşçyňyz bilen meseläniň çözgüdini tapmaga ymtylyň. Ol öý işlerini etmäge gerek bolan kitaplary alyp, galan kitaplary synp otagynda goýmagy düzgünleşdirsin.

↪ Kitaby öýe äkitmez ýaly, käbir öýe berlen işleri telefona surata düşürip hem bolýar.

↪ Eger mekdep rugsat berýän bolsa, okuw kitaplarynyň elektron görnüşini çaganyň planşedine ýükläň.

↪ Okuw kitaplarynyň käbirini çaga okuwa partadaşy bilen gezekleşip hem getirip biler. Iki bolup bir kitapdan şol bir dersi özleşdirme ol diýen oňaýsyzlygy döretmeýär.

↪ Günbatar ýurtlaryň mekdeplerinde her okuwça kitaplaryny we hususy goşlaryny goýar ýaly gulplanýan tekçejikler berilýär. Olar günüň dowamynda kitaply torbalaryny göterip ýörmän, gerek kitaplaryny alyp sapaga barmaga mümkinçilik alýarlar. Mekdep ýolbaşçylary, bolan mümkinçilklere baglylykda şeýle hususy goşlary goýulýan ýerleri gurnamaga kömek etseler, saglyk bilen bagly ençeme soraglary çözmäge çykalga tapardylar.

… Men hem oglumyň mekdep torbasyny ýeňilleşdirmeginiň çykalgasyny tapdym. Ol bir günki gerek bolan kitaplaryny partadaşy bilen böleşip okuwa getirýär. Netije-de, oglumyň hem, onuň partadaş ýoldaşynyň hem mekdep rýukzaklary ýeňledi.

 

ÇEŞME:  Saglyk.org

Pikiriňiz?