Nazarbaýew wezipesinden çekilmegi bilen bagly beýanat berdi

Prezident wezipesinden çekiljekdigini bellän Nursoltan Nazarbaýew, halkyna we ýurduna hyzmat bermegiň özi üçin uly mertebedigini nygtap: “Halkyma sag bolsun aýdýaryn we oňünde başymy egýärin” diýip belledi

Nazarbaýew, halka beren ýüzlenmesinde, Gazagystanyň Prezidenti wezipesinden çekilmek ýaly kyn bir karary kabul edendigini belläp, wezipesini 30 ýyl dowam etdirendigini ýatlatdy.

SSSR-iň dargamagy bilen ykdysadyýeti we syýasaty kyn ýagdaýda bolan ýurdyň başyna geçendigini ýatladan Nazarbaýew, totalitar sistemany aýyryp, jemgyýetiň ähli institutlaryny döwrebaplaşdyrandyklaryny, bulary demokratik bir ýurt gurmak üçin edendigini habar berdi.

Nazarbaýew ykdysadyýeti ösdürmegiň we halkyň maddy üpjünçiliginiň artdyrylmagynyň üstünde işländiklerini nygtap: “Netijede ýurdyň ykdysadyýetini 15 esse, adam başyna düşýän girdejini 9 esse artdyrmagyň we garyplygy 10 esse azaltmagyň hötdesinden geldik” diýip aýan etdi.

Ýurdunyň dünýäniň iň ösen 50 ýurdunyň hataryna girendigine ünsleri çeken Nazarbaýew, maksatlarynyň bolsa dünýäniň iň ösen 30 ýurdyň hataryna goşmakdygyny belledi.

Nazarbaýew ýurdyň taryhynda ilkinji gezek paýtagt Astanany gurandygyny, paýtagtyň ýurdyň üstünlikleriniň we ýeňişleriniň simwoly bolandygyny beýan etdi.

Ähli Prezident saýlawlarynda halk tarapyndan goldanandygyna ünsleri çeken Nazarbaýew: “Beýik halkyma we ýurduma hyzmat etmek meniň üçin uly mertebe. Halkyma sag bolsun aýdýaryn we oňünde başymy egýärin” diýip belledi.

Nazarbaýew, wezipesinden çekilmegine garamazdan Milli howpsyzlyk geňeşiniň başlygy, Nur Otan partiýasynyň başlygy we Kinstitutsion geňeşiniň agzalygyny dowam etdirjekdigine ünsleri çekip: “Siz bilen galýaryn. Ýurdumyň we halkymyň aladalary meniň aladalarym bolmaga dowam eder.

Garaşsyz Gazagystanyň esaslandyryjysy hökmünde geljek maksadymyň, hökümetde, ýurtda ediljek özgertmeleri dowam etdirjek täze nesil bir ýolbaşçynyň gelmegini üpjün etmek hökmünde garaýaryn” diýip nygtady.

TRT

Pikiriňiz?