Nawajo köprüsi: Tutuş süňňi polatdan

Nawajo köprüsi, durşuna polatdan gurlan täsin köpri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Arizona ştatynda ýerleşýär.

Kolorado derýasynyň üstünden geçýän köpri derýanyň kert gaýasynyň üstünden 1927 — 1929 – njy ýyllarda gurlupdyr. «Nawajo» polat köprüsi iki ugur boýunça bina edilip, olar 277 metre uzaýar.

Köprüden 143 metr aşakda derýanyň suwy akyp geçýär. Köpriniň gurluşygynda poladyň 1 müň 800 tonnasy, polat goşundyly metalyň 434 tonnasy ulanylypdyr.

Begli ABDYKADYROW,

Pikiriňiz?