Nasa ýene-de bir ugurda synag geçirdi

NASA güneşe degmek üçin dizaýn eden hemra gämisi “Parker Solar Proby” Floridadaky bazasyndan uçurdy

 

Nasa ýene-de bir ugurda synag geçirdi…

Güneşe iň ýakyn nokada barmagy maksat edindi…

Şonuň üçin bolsa hemra ulagyny şeýle ugratdy…

Amerikanyň Awiasiýa we kosmos edarasy NASA güneşe degmek üçin dizaýn eden hemra gämisi “Parker Solar Proby” Floridadaky bazasyndan uçurdy.

Sagatdaky tizligi 690 müň kilometre ýetmegine garaşylýan ulag güneşiň atmosferasy atlandyrylýan sferanyň täjini öwrener.

Güneşiň ýüzüne mümkin gadar golaý baryp, güneş barada maglumat ýygnar.

Ýylylyga çydamly ýörite gorag bilen gurşalan hemra ulagy 11371 gradus ýylylyga çydamly.

1,5 milliard dollar gymmaty bolan hemra ulagynyň 7 ýylyň dowamynda Güneşiň daşyndan 24 gezek aýlanmagy meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylda güneşe iň ýakyn nokada barmagyna garaşylýan ulagyň köp sanly açyş etmegi meýilleşdirilýär.

 

Çeşme: TRT

Pikiriňiz?