Moskwada uçar ýandy. 41 ýolagçy ýogaldy

Moskwada uçar ýandy. 41 ýolagçy ýogaldy. Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Şeremetýewo howa menziline tiz gonuş amala aşyran mahaly ýanan ýolagçy uçaryndaky ýolagçylaryň 41 sanysy ýogaldy.

Moskwada uçar ýandy. 41 ýolagçy ýogaldy

Russiýanyň metbugaty RIA-da berilen habarlara görä, Moskwa-Murmansk uçar saparyny amala aşyrmak üçin Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinden uçan Russiýanyň Aeroflot kärhanasyna degişli SSJ-100 ýolagçy uçar, gysga wagtdan soň gyssagly tiz gonuş amala aşyrdy.

Uçar gonýarka arka tarapyndan ýanmaga başlady. Ýolagçylar uçardan gysga wagtda çykaryldy.

Ýolagçylardan Dmitriy Hlebuşkine görä uçary ýyldyrym çakan bolma ähtimaly bardygyny, ýyldyrym ýaly bir ýagty yşyk görendigini aýtdy

Berilen habara görä, 73 ýolagçy we 5 ekipažyndan ybarat bolan uçardan 41 ýolagçy ýogaldy.

Waka bilen bagly  barlag-derňew işi başladyldy.

 

Pikiriňiz?