Millau Viaduct – iň beýik awtoulag köprüsi

Millau Viaduct – Dünýäniň iň beýik awtoulag köprüsi Fransiýada ýerleşýär. Onuň dag jülgesiniň üstünden geçýän gurnamasynyň belentligi 343 metr bolup, ol Eýfel diňinden hem 37 metr beýikdir.

Köpriniň uzynlygy 2 müň 460 metr, giňligi bolsa 32 metre deň. Beýikligi 245 metr bolan 7 sany sütüniň üstünde duran köpriniň her sütüniniň aralygy 300 metre ýetýär. «Millau Viaduct» diýlip atlandyrylýan bu köpriniň gurluşygy 2001 — 2004-nji ýyllarda amala aşyrylypdyr.

Köpri gysga wagtda gurlan hem bolsa, onuň meýilnamasynyň üstünde 75 ýyl işlenilipdir

Millau Viaduct - iň beýik awtoulag köprüsi

Begli ABDYKADYROW

Pikiriňiz?