Liliýa Güli – Dinozawrlaryň döwründen galan gül

Liliýa Güli – Germaniýanyň muzeýleriniň birinde dinozawrlaryň döwründe kölüň düýbünde daşa öwrülen we öňräk ol ýerden tapylyp, muzeýe tabşyrylan liliýa gülüniň galyndysy saklanylýar. Başda alymlar ony gadymy döwürde ýere gaçan asman jisimleriniň biriniň bölegidir öýdüp, oňa üns hem bermändirler.

Olar ýakynda bu daş bölegini gowy arassalap, ony çuňňur öwrendiler we bu tapyndynyň suwda ösýän liliýa güli galyndysydygyny anykladylar. Ol mundan ençeme ýyl öň Braziliýada ýerleşýän Kraty kölüniň düýbünden tapylypdy.

Alymlar örän köp wagtyň geçendigine garamazdan, onuň şeýle takyk, gowy saklanyp galandygyna haýran galýarlar. Olaryň pikirlerine görä, tapyndy mundan 150 million ýyl öň ösüpdir we onuň boýy 40 santimetre barabar bolupdyr. Alymlaryň şaýatlyk etmeklerine görä, güller ilki yklymyň yssy ýerlerinde ösüp, soňra dünýäniň beýleki sebitlerine hem ýaýrapdyr.

Pikiriňiz?