Lawrow Ilçileriň 10-njy konferensiýasynyň metbugat ýygnagynda soraglara jogap berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-niň birtaraplaýyn sanksiýalarynyň bikanundygyny belläp, dünýäniň ençeme ýurdunyň dollardan ýüz öwürmäge başlajakdygyny habar berdi.

 

Ankarada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçiren Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Mewlüt Çawuşogly we rus kärdeşi Sergeý Lawrow Ankarada Ilçileriň 10-njy konferensiýasynyň çäginde soraglara jogap berdi.

ABŞ-niň Türkiýä garşy kabul eden sanksiýalary baradaky soraga jogap beren Lawrow: “Birtaraplaýyn ykdysady sanksiýalar bikanundyr. Dünýäniň ençeme ýurdy dollardan ýüz öwürmäge başlar” diýdi.

Russiýa garşy kabul edilen sanksiýalar barada hem gürrüň beren Lawrow: “Käbir Günbatar hyzmatdaşlar diplomatiýa medeniýetini ýitiripdir” diýdi we Türkiýäniň Russiýa garşy alynan sanksiýalara goşulmazlygyna hoşallyk bildirdi.

Lawrow Siriýanyň Idlib şäherinde Asada tabynlykdaky güýçleriň asuda ilata garşy hüjüm guramagy bilen bagly soraga bolsa Türkiýäniň we Russiýanyň Idlibdäki dartgynlygy azaltmak zolagy bilen baglanşykly ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi üçin dialog içindedigini habar berdi.

 

Çeşme: Trt.net.tr

Pikiriňiz?