L.W. Bethoweniň simfoniki döredijiligi

XIX asyryň beýik nemes kompozitory Lýudwig wan Bethowen ýewropa nusgawy saz sungadynda öz döreden ajaýyp simfoniki eserleri,fortopino eserleri bilen uly yz galdyran kompozitordyr.

Ol beýik awstriýa kompozitory Ýozef Gaýdnyň döreden nusgawy simfoniki saz ýoluny dowam edip,bu ýoly gahrymançylykly many-mazmunly heňler bilen baýlaşdyran kompozitordyr.

Lýudwig wan Bethowen 1770-nji ýylda Germaniýanyň Bonn şäherinde sazanda maşgalasynda dünýä inýär. Ol fortopino we skripka saz gurallaryny çalmagy öz kakasyndan öwrenýär. Ol saz ýazmagyň kanunlaryny, ýagny komozisiýa ylymyny Kristian Nefe atly mugallymdan öwrenýär. Ol fortopiano saz guraly üçin ilkinji saz eserlerini döredýär.

1792-nji ýylda Lýudwig wan Bethowen Awstriýa ýurdynyň paýtagty Wena şäherine göçüp gelýär. Ol bu ýerde kompozitorlar Ýozef Gaýdndan, Wolfgang Amadeý Mosartdan,Antonio Salýeriden nusgawy sonata-simfoniýa saz galybyny, simfoniki saz eserleriniň gurluşyny öwrenýär. 1800-nji ýylda ol orkestr üçin 1-nji simfoniýasyny döredýär. Soňky ýyllarda Bethowen orkestr üçin jemi 9 simfoniýa, 14 uwertýura ýaly eserlerini döredýär.

Onuň teatr üçin döreden eserleri

Onuň teatr üçin döreden: “Egmont”, ”Koriolan”, ”Eleonora”, ”Prometeý” ýaly uwertýuralary özüniň gahrymançylykly heňleri bilen tapawutlanýar. Bu döwürde Bethoweniň dünýägaraýşyna Fransiýa ýurdynda bolup geçen halk gozgalaňynyň wakalary uly täsir edýär.

Ol bu halk gozgalaňynyň adam azatlygy, deň hukuklylygy baradaky şygarlaryny gyzgyn goldaýar. Ol bu azatlygy diňe zalym patşalaryň garşysyna göreşip gazanyp boljakdygyny aýdýar. Bethoweniň bu pikiri onuň 3, 5, 7, 9-njy simfoniýalarynda, “Egmont” atly uwertýurasynda, ’’Fidelio” operasynda, 23-nji fortopiano sonatasynda has aýdyň ýüze çykýar.

Bethowen “Gahrymancylykly” diýip atlandyran 3-nji mi-bemol mazor simfoniyasyny Fransuz halk gozgalaňyna bagyşlapdyr. Ol bu simfoniýasynyň 4-nji final bölüminde fransuz gozgalaňynda dörän ýöriş aýdymy” Marselýozanyň” heňini hem ulanýar. Bethowen ozüniň 5-nji do minor simfoniýasyna “Ykbal gapyny kakýar” diýip at beripdir.

Bu simfoniýa ýewropa saz sungadynda ilkinji uly göwrümli maksatnamaly saz eseri bolup durýar.Bethowen bu simoniýasynda adamyň öz azatlygy üçin rehimsiz ykbal bilen edýän gaýduwsyz göreşini saz keşplerinde suratlandyrýar.Bu simfonianyň 1-nji bölümi sonata allegrosy saz galybynda ýazylan.

Onuň esasy heňi gazaply ykbalyň,kömekçi heňi adamyň arzuwçyl ruhy dünýäsini, jemleýji heňi bolsa ykbal bilen adamyň aldym-berdimli söweşini şekillendirýär. Bu simfoniýanyň 2-nji Andante bölümi goja adamyň geçen söweş ýolunyň ýatlamalaryny suratlandyrýar.

Simfoniýanyň 3-nji Menuýet bölümi adamlaryň el tutyşyp rehimsiz ykbal bilen iň soňky aýgytlaýjy söweşe çykmaklaryny suratlandyrýar. Bu simfoniýanyň 4-nji final bölümi örän dabaraly baýramçylyk wakalaryny suratlandyrýar.Bu bolsa azatlyk üçin bolan söweşde adamyň ykbaldan üstün çykandygyny aňladýar.

Bethowen özüniň 9-njy re-minor simfoniýasynyň final bölüminde solist we hor toparyny hem ulanypdyr.Bu bölüminde nemes şahyry Şilleriň “Şatlyk” oda-poemasyndan setirler dabaraly heňde ýerine ýetirilýär.


Baýlyýew Ö.Ý.
Ýolöten etrap Çagalar sungat mekdebiniň saz nazarýeti bölüminiň mugallymy

Gollanma

Pikiriňiz?

%d bloggers like this: