Kosmonawtlar kosmosa uçanynda, nähili kynçylyklara sezewar bolýarlar?

Bilgirje, Kosmonawtlar kosmosa uçanynda, nähili kynçylyklara sezewar bolýarlar? — Kosmonawtlar dikligine-de, keseligine-de, hatda başa şaklygyna-da uklap bilýärler. Olar üçin nähili ýagdaýda ýatandygynyň tapawudy ýok. Ýöne ukuda wagtlary bir ýerini süsmezlik üçin olar diwara berkidilen haltalaryň içine girip ýatýarlar.

— Kosmosda kosmonawtlar käbir kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýarlar. Mysal üçin, kosmosda aglap bolmaýar. Has dogrusy, aglap bolýar, ýöne siziň göz öňüne getirişiňiz ýaly däl. Dartyş güýjüniň ýok bolandygy üçin göz ýaşlar ýaňaklardan syrygyp, aşak dammagyň ýerine, olar gözüň üstünde togalak şaryň şekilinde ýelmeşip durýarlar. Bu bolsa gözüň awuşamagyna getirýär. Şeýle ýagdaýda gözýaşlary gury süpürgije süpürmekden başga çäre ýok.

Adam bedeni Ýeriň dartyş güýjüne görä, belli bir basyşda ýaşamaga uýgunlaşandyr. Haçan­da kosmonawtlar Ýeriň dartyş güýjüni ýeňip geçenlerinde, olar giňişlikde gaýyp ýörýärler. Şol sebäpli hem olaryň süňklerine we myşsalaryna düşýän agram zym­-zyýat bolup gidýär. Uzak wagtlap agram duýmaýan süňkler dirmyşsalar kem-­kemden gowşaýar. Oňurga süňkleriniň gowşamagy esasynda gaýyp ýören kosmonawtyň boýy 5­8 santimetre çenli uzalyp bilýär. Şonuň üçin hem Ýere gaýdyp gelenlerinde, kosmonawtlar ähli süňkleri we myşsalary öňki durkuna gelýänçä dikeldiş işlerini geçirýärler.

Kosmosdan gaýdyp gelen adamlarda ýüze çykýan meseleleriň ýene biri, olaryň kosmosda gaýtalaýan köne endikleridir. Endik boýunça kosmonawtlar gap­gaçlary we beýleki jisimleri ellerinden gaçyrýarlar. Dartyş güýjüniň ýoklugy sebäpli, giňişlikde gaýýan jisimler Ýerde aşak gaçan badyna döwülmek bilen bolýarlar. Bu endigi üýtgetmek kosmonawtlara bir bada kyn düşýär.

«Güneş»

Pikiriňiz?