Keniýada soňky 3 aýda 26 sany pil öldi

Keniýanyň Maasai milli goraghanasynda soňky 3 aýda 26 sany pil öldi

Mara Pil taslamasy tarapyndan berilen habarnamada, ýurdyň iň uly ätiýaç sebiti bolan Maasa Marada sentýabr, oktýabr we noýabr aýlarynda 26 piliň ölendigi habar berildi. 

Habarnamada pilleriň 11-siniň zäherlenendigi çak edilýändigi, galan böleginiň bolsa tebigy ýagdaýda we tapawutly sebäplerden ölendigi mälim edildi. 

Käbir pillerden alynan nusgalaryň Keniýanyň Ýabany durmuş gullugynyň laboratoriýasyna iberilendigi aýdylýan habarnamada, pilleriň dişleri üçin öldürilen bolmagynyň ähtimaldygy aýan edildi. 

Trt

Pikiriňiz?