Kasym Jomart Tokaýew kasam etdi

Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň düýn garaşylmadyk ýagdaýda wezipeden çelilmeginden soň täze prezident Kasym Jomart Tokaýew kasam edip, işe girişdi

29 ýyl soň Prezidentlik wezipesinden çekilen Nursultan Nazarbaýew galan iş möhleti gutarýança ygtyýaryny Senatyň Başlygy Kasym Jomart Tokaýewe tabşyrdy.

Tokaýew 2020-nji ýyla çenli Gazagystanyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirer.

Nazarbaýewiň prezidentiň wezipesinden çekilmek baradaky kararyny beýan eden çykyşynda: “Gazagystany dolandyrmak meselesinde ynanýan adamym” diýip, Tokaýewe bolan ynamyna ünsi çekdi. Tokaýew hem Sowet Soýuzynyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministrliklerinde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.

Tokaýew rus, iňlis, hytaý we fransuz dillerini bilýär.

Gazak diliniň krill elipbiýinden latyn grafikasyna geçmegini goldaýanlardan biri bolan Tokaýew, neşe satýanlaryň ömür boýy azatlykdan mahrum edilmegi ýa-da ölüm jezasyna höküm edilmegi ýaly berk jezalandyrylmagyny teklip edipdi.

Tokaýew olary milli bähbitlere wehim salýan terrizme deňäpdi.

Tokaýew şeýle-de Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen utgaşyklyga bolan oňyn garaýyşy bilen tanalýar.

TRT

Pikiriňiz?