Käşiriň saglyga peýdasy barada

Mundan 4 müň ýyl ozal ýaşap geçen ata-babalarymyz üçin käşiriň benewşe reňkli, ajy tagamly ösümlik bolandygyndan köpleriň habary-da ýokdur. Ol döwürler bu önümi diňe ýakymly ysly tohumy üçin ösdürip ýetişdiripdirler. Bize belli bolan mämişi reňkli käşir bolsa XVII asyrda Gollandiýada peýda bolup, diňe ýaňy-ýakynda ylym onuň adamyň saglygyna oňyn täsirini resmi taýdan tassyklady.

Käşiriň ýiti mämişi reňki onuň düzüminde beta-karotiniň uly möçberiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Bary-ýogy iki käşir iýmek bilen bedeniň şu witamine bolan bir günlük talabynyň ýerini dolup bolýandygyny lukmanlar tassyklaýarlar.


Käşiriň peýdasy:

  • Göreji gowulandyrýar;
  • Gandaky holesteriniň derejesini peseldýär;
  • Gan damarlarynyň diwarlaryny berkidýär;
  • Arterial gan basyşy peseldýär;
  • Iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar;
  • Düwnük keseliniň döremek howpuny peseldýär;
  • Nerw ulgamyny berkidýär;
  • Işdäni açýar;
  • Bagryň we böwregiň işini gowulandyrýar;
  • Aşgazanasty mäziň işini kadalaşdyrýar;
  • Saçyň, deriniň we dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulaýar;
  • Ganda demir ýetmezçiliginiň öwezini dolýar.


Käşiriň gönüden-göni özi melhem bolmasa-da, adam bedenine berýän peýdasy sebäpli, ony tas ähli näsaglyklarda diýen ýaly iýmek maslahat berilýär. Gowy hilli käşire güýzde we gyşyň başlarynda duşmak bolýar. Degerli şertler bilen üpjün edilende, ýagny garaňky, gury, salkyn ýerde ýuwman goýlan käşiri uzak wagtlap saklap bolýar. Şonda onuň hiliniň ýa-da ýokumlylygynyň pese gaçmagy barada alada etmek gerek däl.

Käşiriň daşky durkundaky üýtgeşiklik onuň kemçiliginden habar berýär. Sagdyn käşir hiç hili ösüntgisiz, göni, ýylmanak bolýar. Reňki näçe açyk, ýiti boldugyça, käşiriň düzüminde beta-karotin köp bolup, ol beden üçin has peýdalydyr.

Derini iýmitlendirýändigi we oňa näziklik berýänligi üçin, käşiri gözellik serişdesi hökmünde-de peýdalanýarlar. Deriniň garramagyny haýalladýandygy, ownujak gasynlary ýazýandygy, ýüzüň reňkini gowulaýandygy käşiriň bu ugurdan gymmatyny has-da artdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Perhat ÇUNGUŞOW,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Edebiýat we Sungat gazeti

Bir cevap yazın

%d blogcu bunu beğendi: