Jynsy özgeriş we onuň ilkinji alamatlary

Jynsy özgeriş we onuň ilkinji alamatlary. Seniň daşky keşbiňde üýtgeşik, düşnüksiz, ýöne seniň üçin örän gyzykly üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýüzüňdäki düwürtikler bizar etdimi? Sesiň hem üýtgäp, özüňki däl ýaly gerek?

10-15 ýaş aralygynda hemme adamlarda geçiş döwri, çagalykdan ululyga geçiş başlanýar. “Ahyryna men ulalýaryn!” diýip şatlanmagyň mümkin. Seniň ene-ataň we beýleki ulular seni çaga hasaplaýan bolsalar hem, sen we seniň deň-duşlaryň seýle pikir etmeýär.

Jynsy özgeriş we onuň ilkinji alamatlary

Sen hem, seniň töweregiňdäkiler hem sende bolup geçýän özgermäni – jynsy ýetişmäni görýärler:

  • ↪ Sesiň üýtgeýär;
  • ↪ Deriňde ýag we der mäzleriniň işjeň işleýändigi sebäpli sende düwürtikler döräp biler;
  • ↪ Goltuklarda we daşky jyns agzalarda tüý ösüp başlaýar, oglanlarda bolsa ýüzünde we döşünde hem ösýär. Tüýler birinde köp çyksa, beýlekide seýrek çykýar. Bu nesilyzarlaýjylyga we bedene baglydyr.

Gyzlarda göwüsler ulalyp, bedeniň daşky durky üýtgeýär – daýawlaşýar. Esasy zat bolsa – jyns agzalaryndan her aýda bir gezek gan gelmeler – aýbaşy (biliň açylmagy) başlanýar.

Oglanlaryň bolsa eginleri ýarsýar, bedeninde myşsa gatlagy ösýär, jyns agzalary üýtgäp, ösýär. Gijelerine bolsa ujytdan (penis) dölüň gelip, içki eşigiň öllenmegi bolup biler. Il arasynda bu ýagdaýa “şeýtan oýnama” diýýän bolsalar, lukmançylykda “pollýusiýa” diýip atlandyrýarlar.

Özüňde bolup geçýän özgermelerden gorkma, olara düşünmäge çalyş. Hemme uly adamlar hem bu özgermeleri başyndan geçirendirler.

Saglyk.org

Pikiriňiz?