Italiýanyň meşhur režissýorlaryndan Bernardo Bertoluççi ýogaldy
Italiýanyň meşhur režissýorlarynyň biri bolan Bernardo Bertoluççi 77 ýaşynda ýogaldy
Şahyr Attilio Bertoluççiniň ogly bolan Bernardo Bertoluççi, ýurdyň paýtagty Rimde ýogaldy.
Italiýanyň kinemotografiýasynyň soňky beýik maestrosy hökmünde häsýetlendirilen Bernardo Bertoluççi, karýerasynyň dowamynda 20-ä golaý filmiň režissýory boldy.
Bernardo Bertoluççi režissýorlyk bilen birlikde, ssenariýist we dokumentalist hökmünde hem tanalýardy.
Çeşme: TRT