Ilkinji sirk binasy

Taryhda bize mälim bolan ilkinji sirk binasy b.e.öňki VI asyrda gadymy Rimde gurlan «SirkusMaksimus» binasydyr. Bu sirk binasy beýik diwarly, stadiona meňzeş U şekilli gippodrom bolupdyr. Bu ýerde araba tirkegli atlaryň ýaryşy geçirilipdir. Şondan esli wagt soň Ýuliý Sezar tarapyndanb.e.öňki I asyrdabir wagtda 150 müň tomaşaçy ýerleşer ýaly, sirk binasy ulaldylypdyr. Ol öz döwrüniň iň uly sirki hasaplanypýar.
Taryhda ilkinji häzirkizaman sirk 1768-nji ýylda Beýik Britaniýada iňlis çapyksuwary Filip Astleý (1742-1814)tarapyndan at ýaryşlaryny gurnamak maksady bilen gurlupdyr. Şeýlelikde, Westminster köprüsiniň golaýynda at çapyşyklary üçin niýetläp, aýlaw şekilli ýaryş meýdançasyny gurupdyrlar.Bu ýerde öýländen öň atçapyşyklary geçirilip, soň bolsa masgarabazlaryň akrobatik oýunlary görkezilipdir.

 

Ilkinji sirk binasy
CIRCUS MAXIMUS

 

Çeşme:  Gollanma.com , Photo

Pikiriňiz?