Hytaý Pakistanly 20 müň talyba stipendiýa berer

Hytaýyň Pakistandaky ilçisi ýurdunyň stipendiýa berýän pakistanly talyplaryň sanyny 20 müňe çykarandygyny nygtady

Hytaýyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Ýao Žing ýurdunyň stipendiýa berýän pakistanly talyplaryň sanyny 20 müňe çykarandygyny nygtady.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habatlara görä, paýtagt Yslamabatdaky Milli bilim we tehnalogiýa uniwersitetinde çykyş eden Ýao, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, iki halkyň arasyndaky gatnaşyklardan gözbaş alýandygyny belledi.

Ilçi Ýao iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde Hytaýyň Pakistanyň galkynyşyna, goranyş senagatyna we bilim pudagyna goldaw bermäge dowam etjekdigini we Hytaýyň ýylda pakistanly 20 müň talyba stipendiýa berjekdigini ýatlatdy.

TRT

Pikiriňiz?